Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 2:14 - Mukaddes Kitap

14 Her bir zady hüňürdemän, zeýrenmän berjaý ediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Хер бир зады хүңүрдемән, зейренмән берҗай эдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 2:14
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol buýurdy-da, tupanly gaý turuzdy, ol hem deňziň tolkunlaryny galkdyrdy.


Tekepbirlikden diňe jedel döreýär, maslahat soraýanda danalyk.


«Bu azgyn halk haçana çenli Meniň garşyma şikaýat etjekkä? Men ysraýyllaryň Meniň garşyma şikaýat edip hüňürdeşýändiklerini eşitdim.


Olar puluny alan wagtlary ýer eýesine hüňürdeşip:


Muny bir ýyllyk iş hakyna barabar pula satyp, garyplara paýlap bolardy ahyry» diýşip, aýala igendiler.


Olar beýleki şägirtleriň ýanyna gelenlerinde, olaryň daşyna üýşüp duran uly mähelläni gördüler. Töwrat mugallymlaryň käbiri şägirtler bilen jedelleşip durdy.


Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler.


Pawlus bilen Barnap bu adamlar bilen köp çekeleşip jedelleşdiler. Onsoň bu meseläni çözmek üçin, beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde, Pawlus bilen Barnap Iýerusalimdäki resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna gitmeli diýen karara gelindi.


Şeýlelikde, aralarynda agzalalyk döräp, olar biri-birlerinden aýryldylar. Barnap ýanyna Marky alyp, gämi bilen Kipre gitdi.


Ýygnakda gürrüň uzaga çekensoň, Petrus ýerinden turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Özüňiz bilýänsiňiz, keseki milletlere Hoş Habary wagyz etmegim üçin, ençeme wagt mundan öň Hudaý araňyzdan meni saýlady. Ol muny milletleriň Hoş Habary eşidip, iman etmegi üçin şeýle etdi.


Şol günlerde şägirtleriň sany barha artýardy. Emma grekçe gepleýän imanlylar arameýçe gepleýän imanlylaryň gündelik iýmit paýlaşygynda dul aýallary gözden salýandyklary üçin olaryň üstünden şikaýat etdiler.


Oňardygyňyzdan hemmeler bilen parahat ýaşajak boluň.


Imany gowşagy onuň garaýyşlary barada jedelleşmezden kabul ediň.


Eý, doganlar, size öwredilen taglymata garşy çykyp, araňyzda agzalalyklary döredýänlerden, imanyňyza böwet bolýanlardan ägä boluň diýip ýalbarýaryn. Şeýle adamlardan gaça duruň.


Olaryň käbirleri ýaly hüňürdemäliň: olar Ölüm perişdesiniň elinden öldi.


Men ýanyňyza baranymda, biri-birimiz babatdaky tamamyz puç çykaýarmyka diýip gorkýaryn. Baranymda dawa-jenjel, göriplik, gahar-gazap, agzalalyklar, töhmet, gybat, tekepbirlik we tertipsizlik görermikäm diýip gorkýaryn.


Ägä boluň! Çünki siz biri-biriňizi «çeýnemegi», «ýuwutmagy» bes etmeseňiz, biri-biriňizi ýok edersiňiz.


Şöhratparaz bolmalyň, biri-birimizi gaharlandyrmalyň, biri-birimize göriplik etmäliň.


Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.


edýän işleri üçin olary söýüň, olara uly hormat goýuň; özara parahat ýaşaň.


Hiç kimiň ýamanlyga ýamanlyk gaýtarmaýandygyna göz ýetiriň. Gaýtam, biri-biriňize we hemmelere ýagşylyk etjek boluň.


Hemmeler bilen oňşukly boluň. Halal ýaşamaga dyrjaşyň, ýogsa Rebbi görüp bilmersiňiz.


Sebäbi ynsan gahary Hudaýyň isleýän dogrulygyny amala aşyryp bilmez.


Emma kalbyňyzda bahyllyk we men-menlik bar bolsa, onda danalyk bilen öwünmäň. Bu aňrybaş ýalançylyk bolar!


Eý, doganlar, özüňize höküm edilmez ýaly, biri-biriňiziň garşyňyza şikaýat etmäň. Ine, Kazy bosagada dur!


ýamanlykdan aýryl, et sen ýagşylyk, parahatlyk agtar, yzyndan galma.


Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ