Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 2:13 - Mukaddes Kitap

13 Çünki Hudaý Öz göwnünden turýan işleri etmek üçin size gujur-gaýrat berip, sizdäki işini amal edýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Чүнки Худай Өз гөвнүнден турян ишлери этмек үчин сизе гуҗур-гайрат берип, сиздәки ишини амал эдйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 2:13
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň ýollaryndan ýörärimiz ýaly, Onuň atalarymyza beren tabşyryklaryny, parzlaryny hem-de hökümlerini berjaý ederimiz ýaly, biziň ýüreklerimizi Özüne tarap öwürsin.


Rebbiň sözüne görä patyşanyň we baştutanlaryň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde, olara agzybirlik beren Hudaýyň eli Ýahudanyň üstündedi.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy:


Şondan soňra Hudaý tarapyndan kalby oýarylan her kes – ýahuda we benýamin tireleriniň urugbaşylary hem-de ruhanylardyr lewileri baryp, Rebbiň Iýerusalimdäki ybadathanasyny bina etmek üçin, ýol şaýlaryny tutup ugradylar.


Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne şöhrat getirmek üçin patyşanyň kalbyna bu zatlary salan atalarymyzyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Patyşa menden: «Islegiň näme?» diýip sorady. Men Gögüň Hudaýyndan dileg etdim.


Ynsanyň janyny gabyrdan gutarjak bolup, Olara şatlykly durmuş berjek bolup, Hudaý bu zatlary öwran-öwran gaýtalaýar.


Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


Sagyma bak-da, gör: hiç kim maňa hormat goýmaýar, maňa indi gaçalga-da ýok, hiç kim janymyň gaýgysyny etmeýär.


Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.


Ýa Reb, rahatlyk berjek Sensiň, ähli eden işlerimizi berjaý eden Sensiň.


Reb şuny aýdýandyr: «Ine, ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar.


Olar Meniň halkym bolar, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn.


Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy size bermegi makul bildi.


«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.


Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Gökden berilmese, ynsan hiç zat edip bilmez.


Pygamberleriň ýazgylarynda: „Olaryň hemmesi Hudaýdan taglym alarlar“ diýip ýazylan. Atadan eşidip, Ondan taglym alan her kes Maňa geler.


Ol: «Atanyň Özi getirmese, hiç kim Maňa gelip bilmez diýip, Men size şonuň üçin aýtdym» diýdi.


Olarda Rebbiň gudraty bardy, şonuň üçin köp adamlar imana gelip, Rebbi kabul etdiler.


Özüme berlen merhemetden peýdalanyp, siziň hemmäňize şulary diýýärin: özüňize ýokary baha bermäň. Tersine, Hudaýyň her kime beren imanyna görä özüňiz babatda sagdyn düşünjeli boluň.


Ýöne ekizler heniz dogulmanka, heniz ýamanlyk ýa ýagşylyk etmänkä, Hudaý Rebeka «Ulusy kiçisine gul bolar» diýip aýdypdy. Bu sözler saýlanyp-seçilmäniň ynsan işlerine däl-de, diňe Çagyrana baglydygyny mälim etmek üçin aýdylypdy.


Şonuň üçin-de, saýlanyp-seçilme adamyň islegine ýa-da tagallasyna däl-de, Hudaýyň merhemetine baglydyr.


Amallar dürli-dürlüdir, ýöne her kesde ähli zady edýän şol bir Hudaýdyr.


Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.


Bu işi öz-özümizden başarýarys diýip aýtmaga hiç esasymyz ýokdur. Bu başarnygy bize Hudaý berýär.


Hemme zady Öz islegine laýyklykda ýerine ýetirýän Hudaý Öz niýetine görä bizi öňden belläp, Mesih arkaly saýlap-seçdi. Ol muny biziň, ýagny Isa Mesihe ilkinji bolup iman edenleriň Hudaýyň şan-şöhratyny arşa götermegimiz üçin amal etdi.


Ol Isa Mesih arkaly bizi ogullyga almak barada owaldan karara gelipdi. Bu Onuň göwnüne ýarap, yradasy bilen boldy.


Hudaý ilkibaşdan Mesihde amala aşyran ýagşy niýetleri arkaly Öz isleginiň syryny bize aýan etdi


Çünki siz iman arkaly Hudaýyň merhemeti bilen halas edildiňiz. Bu siziň öz tagallaňyz bilen bolmady, muny size Hudaý peşgeş berdi.


Şoňa görä-de, biz elmydama siziň üçin doga-dilegler edýäris: goý, Hudaý sizi Öz çagyryşyna mynasyp saýsyn; goý, ähli ýagşy niýetleriňizi we imanyňyzyň gönükdiren her bir işini Hudaý Öz gudraty bilen amala aşyrsyn.


Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip,


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Öz beýik merhemetine görä, Isa Mesihiň ölümden direlmegi arkaly bizi täze durmuşa we ýaşaýyş umydyna gowşurdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ