Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 2:12 - Mukaddes Kitap

12 Eý, ezizlerim, men ýanyňyzdakam, siz Hudaýyň sözüne gulak asýardyňyz. Emma meniň ýoklugymda gulak asmagyňyz has-da möhümdir. Hudaýyň huzurynda gorka we galpylda gaplanyp, halas bolmak üçin ýagşy işleri amal ediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эй, эзизлерим, мен яныңыздакам, сиз Худайың сөзүне гулак асярдыңыз. Эмма мениң ёклугымда гулак асмагыңыз хас-да мөхүмдир. Худайың хузурында горка ве галпылда гапланып, халас болмак үчин ягшы ишлери амал эдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 2:12
41 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçinem indi, jenabymyň we Hudaýymyzyň tabşyryklaryna sarpa goýýanlaryň maslahaty bilen bu aýallaryň ählisini we olaryň çagalaryny kowjakdygymyz barada öz Hudaýymyz bilen äht edişeliň. Goý, bu iş kanun boýunça ýerine ýetirilsin.


Rebbe gulluk ediň siz gorky bilen: hem galpyldaň, hem-de şatlanyň.


Dogrynyň gazanjy ýaşaýşa getirýär, erbetleriň gazanjy günä getirýär.


Ýaltanyň göwni isleýär, ýöne hiç zat gazanmaýar, janypkeşiň göwni bolsa dokmädedir.


Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Eý, Rebbiň sözüne titreýänler, Onuň sözüne gulak goýuň: «Sizi ýigrenýän, Meniň adym üçin sizi ret edýän doganlaryňyz: „Reb şöhratlandyrylsyn, bizem siziň şatlygyňyzy göreli!“ diýdiler. Emma olaryň özleri utandyrylar».


Çümdüriji Ýahýanyň günlerinden tä şu wagta çenli Gögüň Şalygyna rehimsiz hüjüm edilýär we wagşy adamlar ony ele salýarlar.


Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar.


Baş gözegçi çyra getirdip, içeri kürsäp girdi. Ol sandyrap baryp, Pawlus bilen Silasyň aýagyna ýykyldy.


Hudaýdan şan-şöhrat, hormat we ölmezligi agtaryp, hemişe ýagşylyk edýänlere Ol baky ýaşaýşy berer.


Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.


Men ýanyňyza baranymda ejizdim, gorkudan ýaňa galpyldaýardym.


Men bulary sizi utandyrmak üçin däl-de, size nesihat bolsun diýip ýazýaryn, sebäbi siz meniň eziz balalarym ahyryn!


Ol hemmäňiziň maňa tabyndygyňyzy, ony galpyldy we uly hormat bilen kabul edişiňizi ýatlanda, size bolan söýgüsi has hem artýar.


Eý, gullar, ýerdäki hojaýynyňyzyň sözüne edil Mesihiň sözüne gulak asýan ýaly, gorky we titreme bilen çyn ýürekden gulak asyň.


Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin.


Çünki size diňe Isa Mesihe iman etmek däl, eýsem Onuň hatyrasyna jebir-jepa çekmek hem berlendir.


Çünki siz ilkinji günden tä şu wagta çenli Hoş Habary ýaýratmakda hyzmatdaşlyk edýärsiňiz.


Sizde ýagşy işi başlan Hudaýyň muny Isa Mesihiň geljek gününe çenli bitirjekdigine ynanýaryn.


Rebbimiz Isa ýol berse, ýagdaýlaryňyzy bilip ynjalmak üçin, tiz wagtda ýanyňyza Timoteosy ibererin diýip umyt edýärin.


Şunlukda, eý, söýgüli doganlarym, Rebbiň hatyrasyna berk duruň! Men gara gözüňize zardyryn. Ezizlerim, siz meniň şatlygym we başymyň täjisiňiz.


Eý, filipililer! Men Makedoniýadan çykyp gaýdyp, Hoş Habary ilki-ilkiler wagyz edip başlan döwrümde siziň ýygnagyňyzdan başga ýygnak maňa maddy kömegini beren däldir. Muny siziň özüňiz-de bilýänsiňiz.


sebäbi imanyňyz ýagşy işleri, söýgiňiz janypkeşligi, Rebbimiz Isa Mesihe bolan umydyňyz çydamlylygy hasyl berýär. Biz Atamyz Hudaýyň huzurynda bularyň baryny dyngysyz ýatlaýarys.


Ine, hut şu sebäpden, saýlananlar hem baky şöhrat bilen birlikde Isa Mesih arkaly halas bolar ýaly, olaryň hatyrasyna ähli zada döz gelýärin.


Bizi şeýle köp şaýatlaryň gurşaýandygy üçin, päsgelçilik döredýän her hili ýüki we boýnumyzdan ýapyşan günäleri taşlalyň-da, öňümizde duran ýaryşda sabyrlylyk bilen ylgalyň.


Hudaýyň dynçlyk mekanyna girmek hakyndaky wadasy henizem güýjüni saklaýandyr. Şonuň üçin-de, hüşgär boluň, araňyzdan hiç kim dynçlyk mekanyna girmekden mahrum bolmasyn.


Şonuň üçin, geliň, şol dynçlyk mekanyna girmek üçin jan edeliň. Hiç kim ysraýyl halky ýaly Hudaýa bitabynlyk edip, dynçlykdan mahrum bolmasyn.


Şeýlelikde, Hudaý arkaly Isa Mesih kämil bolup, Ol Özüne tabyn bolýanlaryň hemmesini ebedilik halas etmegi başarýar.


Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.


Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ