Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 2:11 - Mukaddes Kitap

11 Ata Hudaýyň şan-şöhraty üçin, her dil Isa Mesihiň Rebdigini ykrar eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Ата Худайың шан-шөхраты үчин, хер дил Иса Месихиң Ребдигини ыкрар эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 2:11
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbe şan-şöhrat bolsun! Men dogrularyň mejlisinde we jemagatda tutuş kalbym bilen Rebbe şükür ederin.


Onuň döwründe Ýahuda halas bolar, Ysraýyl howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar.


Kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men hem ony gökdäki Atamyň öňünde ykrar ederin.


Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol Rebbimiz Mesihdir.


Muňa garamazdan, mejlisiň agzalarynyň köpüsi Oňa iman etdi, emma fariseýler zerarly muny açyk yglan etmediler, sebäbi olar sinagogadan kowulmakdan gorkýardylar.


Siz Maňa „Mugallym“, „Aga“ diýip, dogry aýdýarsyňyz, sebäbi Men Şolduryn.


Eger Men siziň Agaňyz we Mugallymyňyz bolubam, aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyňyzy ýuwmalysyňyz.


Atam Ogly arkaly şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin.


Isa oňa şeýle jogap berdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi berjaý eder. Atam hem ony söýer. Men Atam bilen ol adamyň ýanyna baryp, onuň bilen ýaşarys.


Bu zatlary aýdansoň, Isa gözlerini göge dikip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, pursat geldi. Ogluňy şöhratlandyr, Ogluň hem Seni şöhratlandyrsyn.


Tomas Oňa: «Sen meniň Rebbimsiň! Meniň Hudaýymsyň!» diýdi.


Şeýlelikde, Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony iberen Ata-da hormat goýýan däldir.


Onuň ejesi bilen kakasy ýahudylaryň baştutanlaryndan gorkularyna şeýle diýdiler. Sebäbi ýahudylar Isanyň Mesihdigini ykrar eden adamy sinagogadan kowmak barada dil birikdiripdiler.


Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi.


Şonuň üçin hem, eý, tutuş ysraýyl halky, şuny anyk bilip goý: Hudaý siziň haça çüýlän bu Isaňyzy hem Reb, hem Mesih edip belledi».


Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Reb: „Öz barlygymdan ant içýärin, her kes öňümde dyz eper, her bir dil Meni alkyşlar“ diýýär».


Sebäbi Isa Mesih ölüleriň-de, dirileriň-de Rebbi bolmak üçin ölüp, direldi.


Hawa, Isa Mesih muny ýahudy dälleriň hem Hudaýy Onuň merhemeti üçin şöhratlandyrsynlar diýip etdi. Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Munuň üçin milletler arasynda Seni alkyşlaryn, men Seniň adyňa nagma aýdaryn».


Şoňa görä-de, şuňa aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: Hudaýyň Ruhundan ylham alýan ynsan: «Isa Mesihe nälet bolsun!» diýmez. Mukaddes Ruh ynandyrmasa, ynsan: «Isa Rebdir!» diýip bilmez.


Ilkinji ynsan ýeriň topragyndandy, ikinji Ynsan bolsa Göklerdendi.


biziň üçin ýeke-täk Hudaý bardyr, Ol biziň Atamyzdyr, ähli zadyň gözbaşy-da Oldur. Biz Onuň üçin ýaşaýandyrys. Biziň üçin ýeke-täk Hökümdar bar, Ol Rebbimiz Isa Mesihdir, hemme zat Ol arkaly ýaradylandyr. Biz Ol arkaly ýaşaýandyrys.


Siz Mesih arkaly Hudaýa iman etdiňiz. Hudaý Mesihi direldip, Ony şöhratlandyrdy. Şeýlelikde, imanyňyz we umydyňyz Hudaýdadyr.


Isanyň Hudaýyň Ogludygyny ykrar edýän her bir adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr.


Hudaýyň Ruhunyň bardygyny, ine, şundan bilersiňiz: olar Isa Mesihiň, hakykatdanam, ynsan bolup gelendigini ykrar edýärler.


Ençeme ýalançylar dünýä ýaýrady. Olar Isa Mesihiň ynsan bolup gelendigini inkär edýärler. Beýle adamlar ýalançydyr, Mesihiň duşmanydyr.


Ýamanlykdan üstün gelen hem ak lybasa beslener. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin, Atamyň we Onuň perişdeleriniň huzurynda adynyň bu kitapda ýazylandygyny tassyklaryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ