Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 2:1 - Mukaddes Kitap

1 Şunlukda, eger Mesih bilen bolmaklyk sizi ruhlandyrýan bolsa, Onuň söýgüsinden teselli tapýan bolsaňyz, Mukaddes Ruh bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan bolsaňyz, rehim-şepagatyňyz we duýgudaşlygyňyz bar bolsa,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Шунлукда, эгер Месих билен болмаклык сизи рухландырян болса, Онуң сөйгүсинден теселли тапян болсаңыз, Мукаддес Рух билен якын гатнашык саклаян болсаңыз, рехим-шепагатыңыз ве дуйгудашлыгыңыз бар болса,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 2:1
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Rebbe ähli hyzmat edýänler – gijesine Reb öýünde durýanlar, Rebbi alkyşlaň!


Şol sebäpden ýüregim Mowap üçin, Kalbym Kirharaset üçin lira dek nala çekýär.


Şol wagt Iýerusalimde Şimgon atly bir dogruçyl we takwa adam ýaşaýardy. Ol ysraýyl halkynyň azat edilmegine garaşýardy, Mukaddes Ruh onuň üstündedi.


Men sizi ýetim goýmaryn, ýene ýanyňyza gaýdyp gelerin.


Men size rahatlyk goýup barýaryn, Öz rahatlygymy size berýärin. Men muny dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gussa batmasyn, gorkmaň.


Indi Men Seniň ýanyňa barýaryn. Olar Meniň şatlygymdan dolsun diýip, bulary olara heniz bu dünýädekäm aýdýaryn.


Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar.


Imanlylar bir jan, bir tendiler. Olaryň hiç biri öz emlägine-de meniňki diýmeýärdi, ähli zatlary ortalykdy.


Şeýle umyt bizi utandyrmaz, sebäbi berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolup-daşýar.


Mukaddes Ruh hem ejizligimizde bize kömek berýär, sebäbi biz hatda nähili we näme barada dileg etmelidigimizi hem bilmeýäris. Emma Mukaddes Ruhuň Özi söz bilen beýan edip bolmajak iňňildiler bilen biziň üçin töwella edýär.


Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.


Rebbimiz Isa Mesihiň huzurynda size bolan buýsanjymdan ant içýärin: men her gün ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýaryn.


Eýsem siz özüňiziň Hudaýyň ybadathanasydygyňyzy, araňyzda Hudaýyň Ruhunyň ýaşaýandygyny bilmeýärsiňizmi?


Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Mesihiň dabaraly ýörişine bizi elmydama şärik edýär. Hudaý Özi baradaky bilimi biz arkaly ähli ýere müşk-anbar kimin ýaýýar.


Siz ogullyga kabul edileniňiz üçin, Hudaý Özüni «Abba!, Atam!» diýip çagyrýan Oglunyň Ruhuny biziň ýüreklerimize iberdi.


Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,


Siz bir Bedene, bir Ruha şärik bolýarsyňyz; Hudaý hemmäňizi bir umyda çagyrandyr.


Men sizi görmäge intizardygyma we Isa Mesihiň söýgüsi bilen söýýändigime Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Men olaryň kalbynyň ruhlanyp, söýgüde birleşmeklerini dileýärin. Şeýdip, olar doly ynama hem baý düşünjä eýe bolup, Ata Hudaýyň syryny, ýagny Mesihi tanasynlar.


Şonuň üçin hem, eý, Hudaýyň saýlan mukaddes hem eziz halky! Rehim-şepagata, mähribanlyga, pespällige, ýumşaklyga we sabyr-takatlylyga besleniň.


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr. Hudaýyň biziň bilen ýaşaýandygyny Onuň her birimize beren Ruhundan bilýäris.


Hiç kim hiç haçan Hudaýy gören däldir. Emma biz biri-birimizi söýýän bolsak, onda Hudaý biziň bilen ýaşaýandyr, Onuň söýgüsi kalbymyza ornaşandyr.


Hudaýyň bize bolan çäksiz söýgüsine göz ýetirip, bu söýgä ynanýarys. Hudaý söýgüdir. Söýgüde ýaşaýan adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ