Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Men söýgiňiziň bilimde we ýiti düşbülikde bolelin dolup-daşmagyny Hudaýdan dileýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Мен сөйгиңизиң билимде ве йити дүшбүликде болелин долуп-дашмагыны Худайдан дилейәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 1:9
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dogruçyllar öz ýollaryny tutarlar, eli tämizleriň güýji artar.


Ýöne dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy ýalydyr, gün dogýança, gitdigiçe ýagtylýandyr.


Eý, doganlar, çagalar ýaly pikir ýöretmegiňizi bes ediň. Ýamanlyk babatda çaga ýaly boluň, ýöne akyl babatda kämil ýaşly boluň.


Siziň imanyňyz güýçli; siz nädip wagyz etmelidigini bilýärsiňiz. Siziň düşünjäňiz, yhlasyňyz we bizden öwrenen söýgiňiz dolup-daşýar. Hakyky, siz ähli zady şeýle oňat başarýarsyňyz. Şonuň üçin-de, sahylykda-da şeýle bolmagyňyzy isleýäris.


Şonuň üçin-de samsyk bolman, gaýtam, Rebbiň yradasynyň nämedigine düşüniň.


Muny eşiden günümizden bäri, biz hem siziň üçin doga-dileglerimiziň yzyny üzemzok. Hudaýyň islegini doly bilmegiňiz üçin, Onuň sizi ähli ruhy akyldarlyk we düşünje bilen doldurmagyny dileýäris.


Indi Ýaradanyň keşbine meňzemekde we Ony tanamakda täze ýaradylyşa besleniň.


Biziň sizi söýşümiz ýaly, goý, Reb biri-biriňize, ähli adamlara bolan söýgiňizi artdyryp, pürepür etsin.


Eý, doganlar, biz Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny size öwretdik. Siz hakykatdan hem şeýle ýaşaýarsyňyz. Indi bolsa şeýle ýaşamakda has-da ilerlemegiňizi Reb Isanyň adyndan size ündeýäris.


Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.


Men bizi birikdirýän imana görä hereket etmegiňi Hudaýdan dileýärin. Şonda sen Isa Mesihe hyzmat etmek üçin edilmeli ýagşy işlere düşünersiň.


Gaty iýmit bolsa, kemala gelenler üçindir. Olar öz gündelik tejribesinden öwrenip, ýagşy bilen ýamany saýgaryp bilýändirler.


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ