Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 1:8 - Mukaddes Kitap

8 Men sizi görmäge intizardygyma we Isa Mesihiň söýgüsi bilen söýýändigime Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Мен сизи гөрмәге интизардыгыма ве Иса Месихиң сөйгүси билен сөййәндигиме Худайың хут Өзи шаятдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 1:8
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, şu pursat şaýadym gökde, hemaýatkärim ýokarda.


Şol sebäpden ýüregim Mowap üçin, Kalbym Kirharaset üçin lira dek nala çekýär.


Göklerden seret, Öz mukaddes, şöhratly mesgeniňden bize nazar sal. Yhlasyň, gudratyň nirede Seniň? Merhemetiň, rehimiň nirede? Olary bizden sakladyň.


Efraýym Meniň eziz oglum dälmidir? Ol Meniň hoşal bolan balam dälmidir? Onuň adyny agzan çagymda, ony söýgi bilen ýatlaýaryn Men. Şonuň üçin ýüregim ony küýseýär, oňa, elbetde, rehim ederin. Muny Reb aýdýandyr.


Hudaýymyz mähir-şepagatdan doludyr: Ol üstümize Gün şöhlesini dökdürer.


Men Hudaýyň Ogly baradaky Hoş Habary ýaýradyp, Hudaýa jan-tenden hyzmat edýärin, siziň üçin gije-gündiz dileg edýärin. Muňa Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.


Meniň uly gaýgym, ýüregimde dyngysyz agyrym bar. Munuň hakykatdygyna, ýalan sözlemeýändigime Isa Mesihiň adyndan güwä geçýärin. Sözlerime Mukaddes Ruh arkaly ynsabym-da şaýatdyr.


Biz özümiz ejiz, siz-de güýçli bolanyňyzda şatlanýarys. Şonuň üçin-de, siziň kämilleşmegiňiz üçin doga-dileg edýäris.


Sizden söýgimizi aýamasak-da, siz bizden öz söýgiňizi aýaýarsyňyz.


Ol hemmäňiziň maňa tabyndygyňyzy, ony galpyldy we uly hormat bilen kabul edişiňizi ýatlanda, size bolan söýgüsi has hem artýar.


Size ýazýanlarymyň bary hakykatdygy babatda men Hudaýyň öňünde güwä geçýärin.


Siziň baryňyz Isa Mesihe degişli bolup, Oňa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň perzentlerisiňiz.


Eý, eziz balalarym! Siz tä Isa Mesihiň häsiýetlerine doly eýe bolýançaňyz, men ýene-de siziň üçin dogurma burgularyny çekýän ýaly bolýaryn.


Şunlukda, eger Mesih bilen bolmaklyk sizi ruhlandyrýan bolsa, Onuň söýgüsinden teselli tapýan bolsaňyz, Mukaddes Ruh bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan bolsaňyz, rehim-şepagatyňyz we duýgudaşlygyňyz bar bolsa,


Ol siziň ähliňizi örän göresi geldi. Onuň hassalygy barada eşidendigiňizi bilende bolsa, gaty gaýgylandy.


Şunlukda, eý, söýgüli doganlarym, Rebbiň hatyrasyna berk duruň! Men gara gözüňize zardyryn. Ezizlerim, siz meniň şatlygym we başymyň täjisiňiz.


Men siziň üçin we Laodikiýadaky imanlylaryň, şeýle-de meni tanamaýanlaryň ählisi üçin nähili gaýduwsyz zähmet çekýändigimi bilmegiňizi isleýärin.


Şonuň üçin hem, eý, Hudaýyň saýlan mukaddes hem eziz halky! Rehim-şepagata, mähribanlyga, pespällige, ýumşaklyga we sabyr-takatlylyga besleniň.


Bilşiňiz ýaly, biz size ýaranjaňlyk etmedik, öz bähbidimizi aramadyk. Hudaý muňa şaýatdyr.


Şoňa görä-de, biz diňe Hudaýyň Hoş Habaryny däl, eýsem ýüregimiziň töründen orun bermäge-de taýyndyk, sebäbi siz biziň üçin şeýle eziz bolduňyz!


Men hoşlaşyk pursadyndaky gözýaşlaryňy ýatlaýaryn, şatlykdan dolmak üçin seniň bilen didarlaşmagy küýseýärin.


Ýüregim bolan Onesimi yzyna, seniň ýanyňa ýollaýaryn.


Şoňa görä-de, eý, dogan, Rebbiň haky üçin maňa ýardam et. Mesihiň hatyrasy üçin göwnümi galkyndyr.


Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregi awamaýan adamda, heý-de, Hudaýyň söýgüsi bolup bilermi?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ