Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 1:7 - Mukaddes Kitap

7 Men tussaglykda bolsam-da, Hoş Habary gorap, ony ykrar etsem-de, siz maňa berlen merhemetli gullukda elmydama hyzmatdaşlyk edýärsiňiz. Şonuň üçin-de men siz babatda şeýle şatlanmaga haklydyryn. Çünki ýüregimiň töründe ornuňyz bar ahyryn!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Мен туссаглыкда болсам-да, Хош Хабары горап, оны ыкрар этсем-де, сиз маңа берлен мерхеметли гуллукда элмыдама хызматдашлык эдйәрсиңиз. Шонуң үчин-де мен сиз бабатда шейле шатланмага хаклыдырын. Чүнки йүрегимиң төрүнде орнуңыз бар ахырын!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 1:7
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Mukaddes Ruh maňa her şäherde zynjyrlara we muşakgatlara duçar boljakdygymy duýdurýar.


Şol wagt müňbaşy golaý gelip, Pawlusy tussag etdi we goşa zynjyrlar bilen baglamagy buýurdy. Soňra ol: «Bu adam kim? Ol näme etdi?» diýip sorady.


Söýgi hemme zady bagyşlaýandyr, elmydama ynanýandyr. Söýgi hiç haçan umytdan düşýän däldir, hemme zada çydaýandyr.


Men bularyň baryny Hoş Habaryň ak patalaryna şärik bolup bilerim ýaly, Hoş Habaryň hatyrasyna edýärin.


Ýok! Biziň tanatma hatymyz sizsiňiz! Bu hat biziň ýüreklerimize ýazylandyr. Ol hemmelere mälimdir, ony hemmeler okap-da bilýär.


Men bulary sizi ýazgarmak üçin aýdamok. Sebäbi ozal hem aýdyşym ýaly, ýüreklerimiziň töründe ornuňyz bardyr, biz ýaşasak-da, ölsek-de bile bolarys.


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Şu sebäpli Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men-Pawlus siz ýahudy däller üçin Hudaýa dileg edýärin.


Rebbiň ugrunda tussaglykda bolan men sizden Hudaýdan alan çagyrylyşyňyza mynasyp ýaşamagyňyzy haýyş edýärin.


Sebäbi men Hoş Habaryň zynjyrlar bilen baglanan ilçisidirin. Muny gorkman, bolmalysy ýaly yglan edip bilmegim üçin dileg ediň.


Indi bolsa, eý, doganlar, size şulary mälim edesim gelýär: meniň başyma inen külpetler dogrudan-da Hoş Habaryň ýaýramagyna ýardam etdi.


Şunlukda, meniň Mesih sebäpli tussag edilendigim köşk goragçylaryna we beýlekileriň baryna mälim boldy.


Meniň bu tussaglygym imandaky doganlarymyň köpüsini ruhlandyrdy. Olar gorkman, batyrgaýlyk bilen Hoş Habary wagyz edýärler.


Çünki siz ilkinji günden tä şu wagta çenli Hoş Habary ýaýratmakda hyzmatdaşlyk edýärsiňiz.


Emma Timoteosyň sadyklygy size mälimdir. Ol maňa Hoş Habary wagyz etmekde edil ogluň öz atasyna hyzmat edişi ýaly hyzmat etdi.


Her nähili bolsa-da, meniň muşakgatlaryma şärik bolup, gowy etdiňiz.


Eý, filipililer! Men Makedoniýadan çykyp gaýdyp, Hoş Habary ilki-ilkiler wagyz edip başlan döwrümde siziň ýygnagyňyzdan başga ýygnak maňa maddy kömegini beren däldir. Muny siziň özüňiz-de bilýänsiňiz.


Eý, meniň sadyk ýoldaşym, saňa-da ýalbarýaryn: bu aýallara kömek et. Olar men, Klement we ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylan beýleki işdeşlerim bilen birlikde Hoş Habary ýaýratmakda tutanýerli işlediler.


Men Pawlus bu salamy öz elim bilen ýazýaryn. Meniň tussaglykdadygymy ýatdan çykarmaň. Hudaýyň merhemeti size ýar bolsun!


Biziň üçin hem dileg ediň: Hudaýyň sözüni ýaýradyp, Mesih baradaky syry aýan eder ýaly, Onuň Özi bize gapy açyp bersin. Ine, şonuň üçinem men tussaglykdadyryn.


Siziň baryňyz nura we gündize degişlisiňiz. Biz tümlüge ýa gijä degişli däldiris.


Şonuň üçin-de, Rebbimiz barada şaýatlyk etmäge utanma. Onuň hatyrasyna tussag edilenligimden-de utanma. Tersine, Hudaýyň berýän güýji bilen Hoş Habaryň ugrunda görýän görgülerime şärik bol.


Men Hoş Habaryň ugrunda görgi baryny görüp, jenaýatçy kimin tussag edildim. Emma Hudaýyň Hoş Habaryny tussag edip bolýan däldir!


Hoş Habar ugrunda tussag edilen döwrümde seniň ýeriňe maňa hyzmat etsin diýip, ilki ony öz ýanymda alyp galmakçydym.


Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr.


Tersine, Mesihiň çeken ejirlerine şärik bolýan ýaly şatlanyň. Onuň şöhraty aýan bolanda, şatlygyňyzyň çägi bolmaz.


Men Mesihiň çeken ejirleriniň şaýady we Onuň aýan boljak şöhratynyň şärigi hökmünde araňyzdaky özüm ýaly ýolbaşçylardan şulary haýyş edýärin:


Men şindi ýaşaýan wagtlaýyn çadyrymdan, ýagny bedenimden gidýänçäm, bulary ýadyňyza salmak bilen siziň aňyňyzy oýaryp durmagy dogry hasaplaýaryn.


Biz özümiziň ölümden ýaşaýşa gowşandygymyzy bilýäris, sebäbi doganlarymyzy söýýäris. Doganyny söýmeýän adam ölümiň penjesinde galýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ