Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 1:27 - Mukaddes Kitap

27 Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Эй, доганлар, дурмуш йөрелгәңиз Иса Месихиң Хош Хабарына лайык болсун. Шонда яныңыза барып сизи гөрсем-де, яныңызда болман, сиз барада эшитсем-де, Хош Хабара даянян иман угрунда бир адам ялы гөрешип, еке-тәк бир Рухда берк дурандыгыңызы билерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 1:27
53 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýowap: «Bardy-geldi siriýalylar menden güýçli çykaýsalar, sen maňa kömege ýetişersiň; bardy-geldi ammonlylar senden güýçli bolup çykaýsalar, onda men saňa kömege ýetişerin.


Bize merhemet et, ýa Reb, bize merhemet et, kemsidilmeden halys bolduk biz.


Eý, Rebbe ähli hyzmat edýänler – gijesine Reb öýünde durýanlar, Rebbi alkyşlaň!


Çünki olaryň tarapyny Reb tutar, olary talany Ol talar.


Olar hemişe Menden gorkar ýaly, bir ýürek we bir ýol bererin. Bu olaryň özleri üçin hem, özlerinden soňky çagalary üçin hem ýagşylyk bolar.


Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölünen şäher ýa-da öý berk durup bilmez.


Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar.


Birnäçe günden soň bolsa, Feliks öz ýahudy aýaly Drusilla bilen geldi-de, Pawlusy çagyrtdy we Isa Mesihe bolan iman hakdaky onuň gürrüňlerini diňledi.


Imanlylar bir jan, bir tendiler. Olaryň hiç biri öz emlägine-de meniňki diýmeýärdi, ähli zatlary ortalykdy.


Men bu Hoş Habary wagyz etmekden utanmaýaryn, sebäbi ol Hudaýyň güýjüdir. Hudaý bu Hoş Habar arkaly her bir iman edeni: ilki bilen ýahudylary, soňra ýahudy dälleri halas edýär.


Hudaý maňa Isa Mesih arkaly merhemet berip, resullyga saýlady. Ol muny ähli milletleriň Hudaýa iman getirip, Oňa tabyn bolmagy, Isa Mesihiň adynyň şöhratlanmagy üçin etdi.


Men Hudaýyň Ogly baradaky Hoş Habary ýaýradyp, Hudaýa jan-tenden hyzmat edýärin, siziň üçin gije-gündiz dileg edýärin. Muňa Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.


Şeýle-de, imandan bolan dogrulyk: «Bu söz saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda we ýüregiňdedir» diýýär. Bu söz bolsa biziň wagyz edýän imanymyz hakdaky habardyr.


meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar.


Siziň ýanyňyza baranymda bolsa, bilelikde geçirjek wagtymyzy Isa Mesihiň boldan-bol ýalkajakdygyna ynanýaryn.


Eý, doganlar, men size Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan ýalbarýaryn: biri-biriňiz bilen ylalaşykly boluň. Araňyzda agzalalyklara ýol bermäň, pikirleriňiz we garaýyşlaryňyz bir bolsun.


Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.


Şunlukda, eý, doganlar, şatlanyň! Dogry ýola düşmegi niýet ediniň, aýdýanlaryma gulak asyň, bir pikirde boluň, parahat ýaşaň. Şonda söýgi we parahatlyk Hudaýy siziň hemraňyz bolar.


Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler.


Siziň bu hemaýatyňyz Isa Mesih baradaky Hoş Habara sadykdygyňyzy subut edýär. Siz elde baryňyzy olara we beýleki imanlylara sahylyk bilen eçilýärsiňiz. Ine, şularyň bary üçin Hudaýyň halky Ony şöhratlandyrar.


Başga bir Hoş Habar ýokdur. Ýöne käbir adamlar sizi bulaşdyryp, Mesihiň Hoş Habaryny üýtgetjek bolýarlar.


Indi siz hem hakykat sözüni, ýagny halas bolmak baradaky Hoş Habary eşidip, Mesihe iman etdiňiz. Şoňa görä-de Hudaýyň wada beren Mukaddes Ruhy bilen möhürlendiňiz.


Şoňa görä Reb Isa bolan imanyňyzy we Hudaýyň ähli halkyna bolan söýgiňizi eşidelim bäri, siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükür edip, doga-dileglerimde sizi dilimden düşüremok.


Rebbiň ugrunda tussaglykda bolan men sizden Hudaýdan alan çagyrylyşyňyza mynasyp ýaşamagyňyzy haýyş edýärin.


Çünki siz ilkinji günden tä şu wagta çenli Hoş Habary ýaýratmakda hyzmatdaşlyk edýärsiňiz.


Eý, ezizlerim, men ýanyňyzdakam, siz Hudaýyň sözüne gulak asýardyňyz. Emma meniň ýoklugymda gulak asmagyňyz has-da möhümdir. Hudaýyň huzurynda gorka we galpylda gaplanyp, halas bolmak üçin ýagşy işleri amal ediň.


Meniň tiz wagtda ýanyňyza barjakdygym babatda Reb meni ynandyrýar.


Men ozal muny size gaýta-gaýta aýdypdym. Indi bolsa aglap, ýene aýdýaryn: Mesihiň haçyna duşman bolup ýaşaýanlar köpdür.


Biz bolsa gökleriň raýatlary bolup, Halasgär Rebbimiz Isa Mesihiň şol ýerden gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrys.


Şunlukda, eý, söýgüli doganlarym, Rebbiň hatyrasyna berk duruň! Men gara gözüňize zardyryn. Ezizlerim, siz meniň şatlygym we başymyň täjisiňiz.


Şeýle hem Rebbe mynasyp durmuşda ýaşap, Ony her babatda hoşal etmegiňiz üçin dileg edýäris. Goý, siziň ähli oňat işleriňiz miwe bersin. Goý, Hudaý Ony tanamakda sizi has-da ösdürsin.


sebäbi biz siziň Isa Mesihe bolan imanyňyz we Hudaýyň ähli halkyna görkezen söýgiňiz hakynda eşitdik.


Emma ýanyňyzdan şu pursat gelen Timoteos siziň imanyňyz we söýgiňiz barada oňat habarlar getirdi. Ol bizi hemişe ýagşylykda ýatlaýandygyňyzy, sizi göresimiziň gelşi ýaly, siziň-de bizi gaty küýseýändigiňizi gürrüň berdi.


Eý, doganlar, biz Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny size öwretdik. Siz hakykatdan hem şeýle ýaşaýarsyňyz. Indi bolsa şeýle ýaşamakda has-da ilerlemegiňizi Reb Isanyň adyndan size ündeýäris.


Hawa, beýik we şöhratly Hudaýyň maňa ynanan Hoş Habary hut şeýle öwredýändir.


imanda berk durup, ynsabyňy päk sakla. Käbir adamlar ynsaplaryny ýuwudandygy üçin, imanlary gaýa urlan gämi kimin çym-pytrak boldy.


Men ökde söweşiji kimin söweşdim, pellehana ýetdim, imanyma sadyk galdym.


zat ogurlamasynlar, gaýtam her zatda örän wepaly bolsunlar. Şeýdip, olar Halasgärimiz Hudaýyň taglymatynyň her jähtden ajaýypdygyny tassyklarlar.


Parahatlyk döredýänler parahatçylyk tohumyny sepip, dogrulyk hasylyny orýarlar.


Ähli zat şeýdip dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününe garaşyp, ony çaltlandyryp, Hudaýyň päk ýörelgesine eýermegiňiz gerek. Ol gün asman ýanyp ýok bolar, asman jisimleri ýanyp erär.


Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygyňyz üçin, Hudaýyň nazarynda parahatlykda ýaşap, päk we aýypsyz bolmaga jan ediň.


Eý, söýgüli doganlar! Men size Hudaýyň meni we sizi nähili halas edendigi barada ýazmagy juda makul bilýärdim. Emma muňa derek Hudaýyň Öz halkyna bir gezekde müdimilik tabşyran imany ugrunda sizi göreşmäge ruhlandyryp ýazmagymyň has-da wajypdygyna göz ýetirdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ