Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 1:23 - Mukaddes Kitap

23 Men iki dagyň arasynda galdym: men dünýäden ötüp, Mesihiň ýanynda bolmak isleýärin. Bu juda ýagşydyr;

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Мен ики дагың арасында галдым: мен дүнйәден өтүп, Месихиң янында болмак ислейәрин. Бу җуда ягшыдыр;

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 1:23
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Gada: «Men erbet ýagdaýa düşdüm. Gowusy, Rebbiň eline düşeýin, ynsan eline düşmäýin. Rebbiň rehimdarlygy beýikdir» diýdi.


Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.


Meni çagyr muşakgat günde, seni halas ederin, Maňa şöhrat aýdarsyň şonda».


Men çuňňur gaýgy-hasrata batýaryn. Bu amala aşýança, Men darygýaryn!


Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile jennetde bolarsyň» diýdi.


Arwah-jyndan halas bolan adam Isa gitmezden öň Ondan Özi bilen gitmäge rugsat sorap ýalbardy.


Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar.


Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi.


Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra, ýene gelip, sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz.


Eý, Ata, Seniň Maňa beren ynsanlaryň-da Meniň bilen bir ýerde bolmaklaryny isleýärin. Şeýle hem, goý, olar Meniň şöhratymy we Seniň Maňa beren şöhratyňy görsünler. Çünki Sen Meni dünýä ýaradylmazdan öň söýýärdiň.


Stefan öz üstüne ýagýan daşlaryň astynda Hudaýa doga edip: «Ýa Rebbim Isa! Meniň ruhumy kabul et!» diýdi.


Hawa, bütinleý arkaýyndyrys. Biz Rebbiň ýanynda mesgen tutup bilerimiz ýaly, bedenden aýrylanymyzy gowy görýäris.


Sizden söýgimizi aýamasak-da, siz bizden öz söýgiňizi aýaýarsyňyz.


emma meniň diri galmagym size has-da gereklidir.


Eý, doganlar! Size barmagymyzyň biderek bolmandygyny özüňiz bilýänsiňiz.


Siz Hudaýyň Hoş Habaryny bizden eşidip kabul edeniňizde, muny ynsan habary hökmünde däl, eýsem, hakykatdan-da, Hudaýyňky diýip kabul etdiňiz. Siz imanlylara täsir edýän-de bu Habardyr. Şoňa görä-de, biz siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükürler edýäris.


Soňra bolsa biz, ýagny diriler, olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris we elmydama Reb bilen bolarys.


Çünki meniň ganym Hudaýa hödür edilýän içgi sadakasy kimin döküljek bolup dur. Bu dünýäden ötmeli pursadym ýetdi.


Onsoň gökden bir ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Muny ýaz: „Mundan beýläk Rebbimize iman edip ölenler bagtlydyr!“» Ruh hem şeýle diýdi: «Hawa, olar çeken zähmetlerinden dynç alarlar, çeken zähmetleriniň rähnetini görerler».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ