Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 1:21 - Mukaddes Kitap

21 Çünki meniň üçin ýaşaýyş Mesihdir, ölüm-de bähbitlidir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Чүнки мениң үчин яшайыш Месихдир, өлүм-де бәхбитлидир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 1:21
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.


Pawlus-da, Apollo-da, Petrus-da, dünýä-de, ýaşaýyş-da, ölüm-de, şu wagt we gelejek-de – hemme zat siziňkidir.


Biziň şindi ýaşaýan pany çadyrymyz, ýagny bedenimiz her haçan weýran bolsa-da, gökde el bilen ýasalmadyk, Hudaýyň taýynlan baky mesgenimiziň bardygyny bilýäris.


Şonuň üçin-de, bedenimizde ýaşaýan wagtymyzda Rebbiň ýanyndaky mesgenimizden uzakdadygymyzy bilsek-de, arkaýyndyrys.


Hawa, bütinleý arkaýyndyrys. Biz Rebbiň ýanynda mesgen tutup bilerimiz ýaly, bedenden aýrylanymyzy gowy görýäris.


indi men däl-de, mendäki Mesih ýaşaýandyr. Bedendäki ýaşaýşym bolsa Hudaýyň Ogluna bolan imanym arkalydyr. Ol meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi.


Men bolsa Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga zat babatda asla magtanasym gelmeýär. Şu haç arkaly men bu dünýä üçin, bu dünýä-de meniň üçin ölüdir.


Çünki men asla utanja galmajakdygyma, hemişekim ýaly şindi hem mertlik bilen hereket etjekdigime ynanýaryn. Men ýaşasam-da, öldürilsem-de, meniň bedenim arkaly Mesih beýgeldiler.


Emma ýaşasam, hasylly zähmet çekerin. Şonuň üçin-de haýsysyny saýlajagymy bilmeýärin.


Men iki dagyň arasynda galdym: men dünýäden ötüp, Mesihiň ýanynda bolmak isleýärin. Bu juda ýagşydyr;


Sebäbi köp adamlar Isa Mesihiň däl-de, öz bähbidini araýar ahyryn.


Mesih siziň durmuşyňyzdyr. Ol aýan bolanda, siz hem Onuň bilen bile şöhratda aýan bolarsyňyz.


Onsoň gökden bir ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Muny ýaz: „Mundan beýläk Rebbimize iman edip ölenler bagtlydyr!“» Ruh hem şeýle diýdi: «Hawa, olar çeken zähmetlerinden dynç alarlar, çeken zähmetleriniň rähnetini görerler».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ