Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 1:19 - Mukaddes Kitap

19 sebäbi doga-dilegleriňiz we Isa Mesihiň Ruhunyň kömegi arkaly bu külpetleriň maňa azatlyk getirjekdigini bilýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 себәби дога-дилеглериңиз ве Иса Месихиң Рухуның көмеги аркалы бу күлпетлериң маңа азатлык гетирҗекдигини билйәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 1:19
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Misýa serhedine gelip, Bitiniýa welaýatyna girmekçi boldular. Emma Isa Mukaddes Ruh arkaly olara rugsat bermedi.


Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris.


Eger Hudaýyň Ruhy dogrudan-da kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, siz ynsan höwesleriniň ygtyýarynda dälsiňiz, siz Mukaddes Ruhuň ygtyýaryndasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy bolmasa, ol Mesihe degişli däldir.


Ine, Timoteosy şu maksat bilen ýanyňyza iberdim. Ol meniň söýgüli oglum we Rebbiň sadyk guludyr. Ol meniň Isa Mesihiň ýörelgesine eýerýändigimi size ýatladar. Men ähli ýerde we her ýygnakda bu ýörelgä eýermegi öwredýändirin.


Hudaý size Öz Ruhuny berip, araňyzda köp gudratlary görkezdi. Ol bulary Mukaddes Kanuny berjaý edeniňiz üçin däl-de, Hoş Habary eşidip, oňa ynanandygyňyz üçin etdi.


Siz ogullyga kabul edileniňiz üçin, Hudaý Özüni «Abba!, Atam!» diýip çagyrýan Oglunyň Ruhuny biziň ýüreklerimize iberdi.


Edenlerinde näme?! Her nähili bolsa-da, isle betpällikden, isle-de ýagşy niýetden, barybir olar Isa Mesihi wagyz edýärler. Men muňa begenýärin. Hawa, gaýta-gaýta begenerin,


Olaryň kalbyndaky Mesihiň Ruhy Onuň çekmeli ejirleri we ejirlerden soňky şan-şöhraty barada owaldan äşgär etdi. Olar bularyň nähili we näwagt boljakdygy barada Mukaddes Ruhuň näme görkezýändigini aňlamaga çalyşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ