Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 1:15 - Mukaddes Kitap

15 Hawa, olaryň käbirleri meniň bilen bäsleşip, Isa Mesih baradaky Hoş Habary bahyllykdan wagyz edýärler, käbirleri bolsa ýagşy niýetden wagyz edýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Хава, оларың кәбирлери мениң билен бәслешип, Иса Месих барадакы Хош Хабары бахыллыкдан вагыз эдйәрлер, кәбирлери болса ягшы ниетден вагыз эдйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 1:15
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar ähli edýän zatlaryny göz üçin edýändirler. Töwrat aýatlar gutujygyny giňeldip, donlarynyň gotazlaryny uzaldýandyrlar.


Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi.


Olaryň arasynda Kiprden we Kirineýden Antiýoha gelen käbir imanlylar bardy. Olar Reb Isa baradaky Hoş Habary ol ýerdäki başga milletlere-de wagyz etdiler.


Olar her gün ybadathananyň howlusynda we adamlaryň öýlerinde halka öwretdiler. Isanyň Mesihdigi baradaky Hoş Habary dyngysyz wagyz etdiler.


Onsoň Filip düşündirmäge başlady, Mukaddes Ýazgylaryň şu ýerdäki parçasyndan başlap, Isa hakdaky Hoş Habary oňa wagyz etdi.


Filip-de Samariýanyň bir şäherine baryp, olara Mesih barada wagyz etdi.


Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz etmäge başlady.


Şahsy bähbidini araýanlar, hakykaty ret edip, ýamanlyga eýerýänler bolsa gahar-gazaba duçar bolarlar.


Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesihi wagyz edýäris. Mesih ýahudylar üçin büdreme daşydyr, ýahudy däller üçin bolsa akmaklykdyr.


Eger men tutuş emlägimi garyp-gasarlara paýlap-da, magtanyp bilerim ýaly tenimi gurban edip-de, söýgim bolmasa, bularyň maňa hiç peýdasy ýokdur.


Men, Silwan we Timoteos dagy araňyzda Hudaýyň Ogly Isa Mesih barada wagyz etdik. Biziň wagyz eden Isa Mesihimiz hem «hawa», hem «ýok» diýen däldir. Hudaý Isa Mesih arkaly «hawa» diýýändir.


Şeýle adamlar galp resullardyr. Olar Mesihiň resullarynyň keşbine girýän kezzap işgärlerdir.


Men ýanyňyza baranymda, biri-birimiz babatdaky tamamyz puç çykaýarmyka diýip gorkýaryn. Baranymda dawa-jenjel, göriplik, gahar-gazap, agzalalyklar, töhmet, gybat, tekepbirlik we tertipsizlik görermikäm diýip gorkýaryn.


Biz özümiz barada däl-de, Isa Mesihiň Rebdigi barada wagyz edýäris. Özümizi bolsa Isanyň hatyrasyna siziň gullaryňyz diýip hasaplaýarys.


Sünnetlenme meselesi käbir dogansumaklar zerarly ýüze çykypdy. Olar bizi gul etmek üçin, aramyza ogrynça sümlüp, Isa Mesih arkaly alan azatlygymyzy gizlinlikde aňtadylar.


Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ