Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filipililer 1:12 - Mukaddes Kitap

12 Indi bolsa, eý, doganlar, size şulary mälim edesim gelýär: meniň başyma inen külpetler dogrudan-da Hoş Habaryň ýaýramagyna ýardam etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Инди болса, эй, доганлар, сизе шулары мәлим эдесим гелйәр: мениң башыма инен күлпетлер догрудан-да Хош Хабарың яйрамагына ярдам этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filipililer 1:12
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

On ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne patyşanyň tabşyrygy we permany amala aşyrylmalydy. Hut şol gün ýahudylaryň duşmanlary olary ýok etmegi ýüreklerine düwüpdiler, ýöne şol gün olar däl-de, ýahudylar öz duşmanlaryndan üstün çykdylar.


Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela


Indi men Rebbiň beýleki ähli hudaýlardan beýikdigini bilýärin, sebäbi Ol ysraýyllary tekepbirlik bilen ezýän müsürlileriň elinden halas etdi» diýdi.


Bu bolsa şaýatlyk etmek üçin size bir pursat bolar.


Çar ýana dargaşyp giden imanlylar Hudaýyň Hoş Habaryny ähli ýerde wagyz edýärdiler.


Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris.


Ýöne biz özümizi Söýýän arkaly bu kynçylyklaryň baryny ýeňýäris.


Çünki siz ilkinji günden tä şu wagta çenli Hoş Habary ýaýratmakda hyzmatdaşlyk edýärsiňiz.


Men tussaglykda bolsam-da, Hoş Habary gorap, ony ykrar etsem-de, siz maňa berlen merhemetli gullukda elmydama hyzmatdaşlyk edýärsiňiz. Şonuň üçin-de men siz babatda şeýle şatlanmaga haklydyryn. Çünki ýüregimiň töründe ornuňyz bar ahyryn!


Emma Timoteosyň sadyklygy size mälimdir. Ol maňa Hoş Habary wagyz etmekde edil ogluň öz atasyna hyzmat edişi ýaly hyzmat etdi.


Eý, filipililer! Men Makedoniýadan çykyp gaýdyp, Hoş Habary ilki-ilkiler wagyz edip başlan döwrümde siziň ýygnagyňyzdan başga ýygnak maňa maddy kömegini beren däldir. Muny siziň özüňiz-de bilýänsiňiz.


Eý, meniň sadyk ýoldaşym, saňa-da ýalbarýaryn: bu aýallara kömek et. Olar men, Klement we ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylan beýleki işdeşlerim bilen birlikde Hoş Habary ýaýratmakda tutanýerli işlediler.


Şoňa görä-de, erkekleriň gaharlanman, jedelleşmän, ähli ýerde ellerini galdyryp, päk ýürekden doga-dileg etmeklerini isleýärin.


Men Hoş Habaryň ugrunda görgi baryny görüp, jenaýatçy kimin tussag edildim. Emma Hudaýyň Hoş Habaryny tussag edip bolýan däldir!


Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ