Utansam-da, şuny boýun alýaryn: biz sizden asgyn gelip, siz ýaly bolup bilmänmişik! Şunlukda, siziň üçin heniz-de akmak bolmak bilen, şuny diýýärin: beýlekileriň magtanmaga milt edenlerine men-de milt edýärin.
Biziň ozal Filipide horluk çekendigimizi, kemsidilendigimizi hem bilýänsiňiz. Indi bolsa bärde-de garşylyga duçar bolduk. Emma muňa garamazdan, Hudaý Öz Hoş Habaryny size hem wagyz etmek üçin bize gujur-gaýrat berdi.