Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filimun 1:17 - Mukaddes Kitap

17 Şoňa görä-de, meni dostuň hökmünde görýän bolsaň, ony meni kabul edýän ýaly kabul et.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Шоңа гөрә-де, мени достуң хөкмүнде гөрйән болсаң, оны мени кабул эдйән ялы кабул эт.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filimun 1:17
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sizi kabul eden Meni kabul eder, Meni kabul eden hem Meni Ibereni kabul eder.


Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir.


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Lidiýa tutuş öý-içersi bilen suwa çümdürilenden soňra bizi öýüne çagyryp: «Meni Rebbe sadyk saýýan bolsaňyz, geliň-de, öýümde galyň» diýip ýalbaryp, bizi yrdy.


Titus babatda şuny aýtmakçy: ol meniň ýoldaşym we siziň araňyzdaky hyzmatdaşymdyr. Iberen doganlarymyz bolsa ýygnaklaryň wekilleri we Isa Mesihiň şöhratydyr.


Ine, Hudaýyň syry şudur: Hoş Habary kabul edýän ýahudy däller hem ýahudylara berlen ýalkanyş wadasyna, bir bedene, bir mirasa deň derejede şärikdirler. Sebäbi olaryň hemmesi Isa Mesihe degişlidir.


Men tussaglykda bolsam-da, Hoş Habary gorap, ony ykrar etsem-de, siz maňa berlen merhemetli gullukda elmydama hyzmatdaşlyk edýärsiňiz. Şonuň üçin-de men siz babatda şeýle şatlanmaga haklydyryn. Çünki ýüregimiň töründe ornuňyz bar ahyryn!


Hojaýynlary imanly bolan gullar: «Indi biz dogandyrys» diýip, öz hojaýynlaryna geleňsizlik etmesinler, tersine, öňküden-de yhlasly hyzmat etsinler. Sebäbi olaryň hojaýynlary imandaky eziz doganlary bolup, ýagşylyk edýändirler. Bularyň baryny öwret we ünde.


tussaglyk döwrümde maňa ogul bolan Onesim üçin ýalbarýaryn.


Ýüregim bolan Onesimi yzyna, seniň ýanyňa ýollaýaryn.


Eger Onesim zerarly zyýan çeken bolsaň ýa-da ondan algyň bar bolsa, olary meniň hasabyma ýaz.


Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr.


Biz owal-başdaky ynamymyzy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen şärikdeş bolýarys.


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


Men Mesihiň çeken ejirleriniň şaýady we Onuň aýan boljak şöhratynyň şärigi hökmünde araňyzdaky özüm ýaly ýolbaşçylardan şulary haýyş edýärin:


Hawa, siziň-de biziň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşamagyňyz üçin, görüp-eşidenlerimizi size mälim edýäris. Biziň özümiziň hem Atamyz we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ