Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filimun 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Hoş Habar ugrunda tussag edilen döwrümde seniň ýeriňe maňa hyzmat etsin diýip, ilki ony öz ýanymda alyp galmakçydym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Хош Хабар угрунда туссаг эдилен дөврүмде сениң ериңе маңа хызмат этсин дийип, илки оны өз янымда алып галмакчыдым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filimun 1:13
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men Stepanas, Fortunat we Ahaýyk dagy gelende, örän begendim. Olar siziň ýoklugyňyzy bildirmeýärler.


Şu sebäpli Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men-Pawlus siz ýahudy däller üçin Hudaýa dileg edýärin.


Rebbiň ugrunda tussaglykda bolan men sizden Hudaýdan alan çagyrylyşyňyza mynasyp ýaşamagyňyzy haýyş edýärin.


Men tussaglykda bolsam-da, Hoş Habary gorap, ony ykrar etsem-de, siz maňa berlen merhemetli gullukda elmydama hyzmatdaşlyk edýärsiňiz. Şonuň üçin-de men siz babatda şeýle şatlanmaga haklydyryn. Çünki ýüregimiň töründe ornuňyz bar ahyryn!


Çünki ol siziň maňa edip bilmedik hyzmatyňyzyň öwezini dolmak üçin, janyny howp astyna salyp, Mesihiň işiniň ugrunda tas ölüpdi.


Isa Mesih ugrunda tussaglykda oturan men Pawlusdan eziz dostumyz we işdeşimiz Filimuna, aýal doganymyz Affiýa, söweşdeş ýoldaşymyz Arhipa we seniň öýüňde bolýan imanlylar ýygnagyna dogaýy salam! Doganymyz Timoteos hem size salam aýdýar.


tussaglyk döwrümde maňa ogul bolan Onesim üçin ýalbarýaryn.


Ýüregim bolan Onesimi yzyna, seniň ýanyňa ýollaýaryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ