Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Filimun 1:1 - Mukaddes Kitap

1-2 Isa Mesih ugrunda tussaglykda oturan men Pawlusdan eziz dostumyz we işdeşimiz Filimuna, aýal doganymyz Affiýa, söweşdeş ýoldaşymyz Arhipa we seniň öýüňde bolýan imanlylar ýygnagyna dogaýy salam! Doganymyz Timoteos hem size salam aýdýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1-2 Иса Месих угрунда туссаглыкда отуран мен Павлусдан эзиз достумыз ве ишдешимиз Филимуна, аял доганымыз Аффия, сөвешдеш ёлдашымыз Архипа ве сениң өйүңде болян иманлылар йыгнагына догайы салам! Доганымыз Тимотеос хем сизе салам айдяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Filimun 1:1
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pawlus Derbe we Listra şäherlerine geldi. Listrada Timoteos atly Isanyň bir şägirdi bardy. Onuň ejesi imanly ýahudydy, kakasy bolsa grekdi.


Çünki biz Hudaýyň işdeşidiris; siz Hudaýyň ekini, Onuň ymaratysyňyz.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna, şeýle-de tutuş Ahaýa welaýatyndaky Hudaýyň halkynyň baryna dogaýy salam!


Siziň baryňyz Isa Mesihe degişli bolup, Oňa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň perzentlerisiňiz.


Şu sebäpli Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men-Pawlus siz ýahudy däller üçin Hudaýa dileg edýärin.


Rebbiň ugrunda tussaglykda bolan men sizden Hudaýdan alan çagyrylyşyňyza mynasyp ýaşamagyňyzy haýyş edýärin.


Sebäbi men Hoş Habaryň zynjyrlar bilen baglanan ilçisidirin. Muny gorkman, bolmalysy ýaly yglan edip bilmegim üçin dileg ediň.


Isa Mesihiň gullary bolan men Pawlusdan we Timoteosdan Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolan filipilileriň baryna, şol sanda ýygnak ýolbaşçylaryna we hyzmatçylaryna dogaýy salam!


Siz mätäçligimde men barada alada etmek üçin ilçiňiz Epafroditi ýanyma iberipdiňiz. Emma men ony, ýagny öz işdeşimi, söweşdeşimi we doganymy yzyna, siziň ýanyňyza ibermegi makul bildim.


Eý, meniň sadyk ýoldaşym, saňa-da ýalbarýaryn: bu aýallara kömek et. Olar men, Klement we ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylan beýleki işdeşlerim bilen birlikde Hoş Habary ýaýratmakda tutanýerli işlediler.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Kolosiýadaky Hudaýyň halkyna, ýagny Mesihe degişli bolan sadyk doganlarymyza dogaýy salam! Atamyz Hudaýyň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun!


Ýustus lakamly Ýeşuwa hem size salam aýdýar. Hudaýyň Şalygy ugrunda zähmet çekýän ýahudy işdeşlerim diňe şulardyr. Olar maňa teselli berip gelýärler.


Siziň ýanyňyza bolsa Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmak üçin Hudaýyň hyzmatynda egindeşimiz bolan Timoteos doganymyzy iberdik. Biz muny sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin,


Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň Salonikidäki imanlylar ýygnagyna Pawlus, Silwan we Timoteosdan dogaýy salam!


Şonuň üçin-de, Rebbimiz barada şaýatlyk etmäge utanma. Onuň hatyrasyna tussag edilenligimden-de utanma. Tersine, Hudaýyň berýän güýji bilen Hoş Habaryň ugrunda görýän görgülerime şärik bol.


Isa Mesihiň ugrunda meniň bilen tussaglykda bile bolýan Epafra, egindeşlerim Mark, Aristarh, Dema we Luka dagy saňa salam aýdýarlar.


ýöne söýginiň hatyrasyna saňa ýalbarýaryn. Hawa, Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men goja Pawlus,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ