Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 9:9 - Mukaddes Kitap

9 Biz gullardyrys, emma Hudaýymyz bizi gulçulykda terk etmän, gaýtam Pars patyşalarynyň huzurynda bize Özüniň merhemetini eçildi. Hudaýymyzyň öýüni gurup, onuň ýykylan ýerlerini dikelder ýaly, bize täze durmuş berdi. Ol Ýahudada we Iýerusalimde bize pena berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Биз гуллардырыс, эмма Худайымыз бизи гулчулыкда терк этмән, гайтам Парс патышаларының хузурында бизе Өзүниң мерхеметини эчилди. Худайымызың өйүни гуруп, онуң йыкылан ерлерини дикелдер ялы, бизе тәзе дурмуш берди. Ол Яхудада ве Иерусалимде бизе пена берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 9:9
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Käbir urugbaşylar Iýerusalimdäki Rebbiň öýüne gelenlerinde, Hudaýyň öýüni öňki ýerinde dikeltmek üçin, meýletin sadakalar berdiler.


Ezra Artakserksiň patyşalygynyň ýedinji ýylynyň bäşinji aýynda Iýerusalime geldi.


Eý, Hudaýymyz, indi, mundan soň biz näme diýeli? Çünki biz seniň tabşyryklaryňy terk etdik.


Soňra men olara: «Iýerusalimiň haraba öwrülip, onuň derwezeleriniň oda ýanandygy zerarly biziň nähili ejir çekýändigimizi siziň özüňiz görüp dursuňyz. Mundan artyk wejera bolup ýörmezlik üçin, geliň, Iýerusalimiň diwaryny dikeldeliň!» diýdim.


Gulak asmakdan boýun towlap, olaryň arasynda Seniň görkezen gudratlaryňy ýatdan çykardylar. Olar boýnuýogynlyk edip, Müsürdäki gulçulyklaryna dolanyp barmak üçin özlerine ýolbaşçy bellediler. Emma Sen geçirimli, merhemetli, rehimdar, giň göwünli we sadyk söýgä baý Hudaý. Sen olary terk etmediň.


Seniň Ruhuňdan nirä gideýin?! Seniň huzuryňdan nirä gaçaýyn?!


Reb sizi yzaňyzdan, gaýgyňyzdan we çeken agyr işiňizden azat edende,


Ony agdaryp, daşlardan arassalady, saýlama üzümler ekdi. Ortasynda gözegçilik diňini dikdi, üzüm sykmak üçin çukur gazdy. Üzüm hasylyna garaşdy, emma ol ýabany üzüm berdi.


Indi Men size üzümçiligime näme etjekdigimi aýdaryn. Men onuň haýadyny aýraryn, ol weýran ediler; onuň diwaryny ýykaryn, ony basgylap zaýalarlar.


Olar gadymy harabalary täzeden gurarlar, öňki weýran bolan ýerleri dikelderler, nesilden-nesle weýran bolan şäherleri, harabalyklary abatlarlar.


Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Olary uzakdaky milletleriň arasyna iberdim, ýurtlara dargatdym. Şonda-da giden ýurtlarynda gysga möhlet üçin olara mukaddes öý bolan Mendirin“».


Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip-saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde meýdançalar we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar.


Siz köp hasyla garaşýardyňyz, ýöne ol hasyl az bolup çykdy. Ony öýe getireniňizde, Men ony ýele sowurdym. Näme üçin? Meniň öýümiň haraba öwrülip ýatany üçin! Men muny siziň ähliňiziň diňe öz öýleriňiz bilen gümradygyňyz üçin şeýle etdim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.


Men onuň daşynyň otly diwary, içiniň şöhraty bolaryn. Muny Reb diýýär“» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ