Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 9:8 - Mukaddes Kitap

8 Emma indi Hudaýymyz Reb bize, aman galan halka az salymlyk rehim etdi we Öz mukaddes mekanynda orun berdi. Gözümizi nurlandyryp, gulçulygymyzda bize biraz ýeňillik berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Эмма инди Худайымыз Реб бизе, аман галан халка аз салымлык рехим этди ве Өз мукаддес меканында орун берди. Гөзүмизи нурландырып, гулчулыгымызда бизе бираз еңиллик берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 9:8
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň alyhezreti Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň diri Hudaýy masgaralamak üçin aýdan ähli sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“».


Biz gullardyrys, emma Hudaýymyz bizi gulçulykda terk etmän, gaýtam Pars patyşalarynyň huzurynda bize Özüniň merhemetini eçildi. Hudaýymyzyň öýüni gurup, onuň ýykylan ýerlerini dikelder ýaly, bize täze durmuş berdi. Ol Ýahudada we Iýerusalimde bize pena berdi.


Ýa Reb, Öz guluňyň dilegine we Saňa hormat goýýan gullaryňyň dilegini eşit! Öz guluňyň işini şu gün Özüň oňuna edip, patyşanyň maňa rehimi iner ýaly et». Men şol wagtlar patyşanyň sakysydym.


Emma Öz tükenmez rehimdarlygyň bilen olary bütinleý ýok etmediň ýa-da terk etmediň. Çünki Sen merhemetli, rehimdar Hudaýsyň.


Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar, bary deň derejede haram boldular; ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.


Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler? Olar halkymy çörek ýaly iýýärler hem-de Rebbi çagyrmaýarlar.


Seniň Ruhuňdan nirä gideýin?! Seniň huzuryňdan nirä gaçaýyn?!


Goý, olar ýel öňündäki ownuk saman dek bolsun; Rebbiň perişdesi olary syryp äkitsin.


Ýa Reb, gulak goý meniň dogama, dykgat ber perýadymyň dat-bidadyna.


Garyp bilen zalymyň bir meňzeşligi bar, ikisiniň gözüne-de Reb ýagtylyk berýär.


Dananyň sözleri çişler kimindir; toplanan pähimli sözler berk kakylan çüýler ýalydyr. Pähimli sözler bir çopan tarapyndan berlendir.


Eger Hökmürowan Reb birnäçämizi aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik.


Reb sizi yzaňyzdan, gaýgyňyzdan we çeken agyr işiňizden azat edende,


öýümde, diwarlarymyň içinde ogul-gyzlaryňkydan-da zyýada hatyra hem at bererin; olara ölmez-ýitmez ebedi at bererin.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


halkyň ondan biri galsa-da, ýurt ýene-de ýakylar. Emma dagdan ýa-da dub çapylanda kökleriniň galyşy kimin, mukaddes nesil-de ýurtda kök kimin bolar».


Ýermeýa pygambere şeýle diýdiler: «Haýyşymyzy berjaý etmegiňi towakga edýäris, biziň üçin, bu aman galanlar üçin Hudaýyň Rebbe dileg et. Öz gözüň bilen görşüň ýaly, biz köpçülikdik, indi bolsa azalyp galdyk.


Ýaşamak üçin Müsüre giden ýahudalylaryň aman galanlarynyň hiç biri-de gaçyp gutulmaz, diri galyp, Ýahuda ýurduna dolanyp barmaz. Ol ýere dolanyp barmagy näçe isleseler-de, ol ýerden gaçanlaryň diňe käbiri dolanyp barar“».


Muňa garamazdan, ol ýerde gaçyp gutulan ogullaryňyz we gyzlaryňyz galdyrylyp, ol ýerden çykarylar. Olar siziň ýanyňyza bararlar, siz olaryň erbet ýollaryny we işlerini görüp, Meniň Iýerusalimiň başyna salan ýamanlygymdan, başyndan inderen zatlarymdan teselli taparsyňyz.


Iki günden soňra bizi direlder, Has takygy – üçünji güni Ol bizi aýaga galdyrar. Onuň huzurynda ýaşaryş.


Şan-şöhratyň barada eşitdim, ýa Reb! Ýa Reb, işleriňe haýranlar galýan! Biziň döwrümizde işleriňi janlandyr, biziň günlerimizde olary aýan et, gazap içindekäň rehim etmegi unutma.


Iýerusalimde pespäl, pukara adamlary aman galdyraryn, olar Maňa bil baglarlar.


Burç daşy, çadyr gazygy, söweş ýaýy, ähli ýolbaşçylar olardan çykar.


Tohum parahatlykda sepiler. Üzüm agajy miwe berer, toprak öz hasylyny eçiler, asman ýagmyryny ýagdyrar. Men bularyň hemmesini halkyň aman galan bölegine mülk hökmünde berjek.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde halkyň aman galanlarynyň gözüne bu mümkin däl ýaly görünse, Maňa-da şeýle görünmelimi? Muny Hökmürowan Reb – Men aýdýandyryn».


Işaýa pygamber hem Ysraýyl barada şuny jar etdi: «Ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, diňe birnäçesi halas bolarlar.


Ýamanlykdan üstün geleni Hudaýymyň ybadathanasynyň diregi ederin. Ol şol ýerde baky galar. Men onuň maňlaýyna Hudaýymyň adyny we Hudaýymyň şäheriniň adyny ýazaryn. Bu şäher gökden, Hudaýymyň huzuryndan inýän täze Iýerusalimdir. Men onuň maňlaýyna Öz adymy hem ýazaryn.


Kakasynyň halka ant içirendiginden Ýonatan bihabardy. Ol elindäki hasasynyň ujuny bala batyryp, agzyna ýetirende, onuň gözleri ýalpyldap gitdi.


Ýonatan şeýle diýdi: «Kakamyň beýtmesi goşuna sütem etmek bolýar. Serediň, gözüm ýiteläýendir, sebäbi men şu baldan azajyk dadyp gördüm.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ