Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 9:7 - Mukaddes Kitap

7 Ata-babalarymyzyň döwründen tä şu güne çenli biziň ýazygymyz uludyr. Günälerimiz üçin özümiz, patyşalarymyz, ruhanylarymyz edil şu günki ýaly keseki ýerli patyşalaryň eline berildik, gylyçdan geçirildik, ýesirlige düşdük, talaňa, masgaraçylyga sezewar edildik.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Ата-бабаларымызың дөврүнден тә шу гүне ченли бизиң языгымыз улудыр. Гүнәлеримиз үчин өзүмиз, патышаларымыз, руханыларымыз эдил шу гүнки ялы кесеки ерли патышаларың элине берилдик, гылычдан гечирилдик, есирлиге дүшдүк, талаңа, масгарачылыга сезевар эдилдик.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 9:7
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

olar hem ýesirlige äkidilen ýurtlarynda oýlanyp toba edip, ýalbaryp: „Biz nähaklyk edip, günä gazandyk, pislik etdik“ diýip,


Çünki biziň ata-babalarymyz Hudaýymyz Rebbe hyýanat edip, Onuň nazarynda pis işleri etdiler; Rebbi terk edip, Onuň mesgeninden ýüz dönderip, ýeňselerini öwürdiler.


Atalaryňyz we doganlaryňyz ýaly atalaryňyzyň Hudaýy Rebbe biwepalyk etmäň. Görşüňiz ýaly, Reb olary elhenç zada öwürdi.


„Men Ýahuda patyşasynyň öňünde okalan bu kitapda ýazylan ähli lagnatlara görä, hökman bu ýeriň we bu ýerde ýaşaýanlaryň başyndan betbagtçylyk indererin.


Pis işlerimiz we uly ýazygymyz zerarly başymyza inen bu bela-beterlerden soň, eý, Hudaýymyz, Sen bize günälerimize laýyk jeza bermän, gaýtam bizi aman galdyrdyň.


Sen ençeme ýyllap, olar bilen sabyrly bolduň. Pygamberleriň arkaly, Öz Ruhuň bilen olara duýdurdyň. Emma şonda-da olar gulak asmadylar. Şonuň üçin hem Sen olary ýurtlaryň halklarynyň eline berdiň.


Özüne umyt baglaýanlar üçin şeýle işleri eden Hudaýy owaldan bäri ne gulak eşidipdi, ne-de göz görüpdi.


Bu günki bolşy ýaly harabaçylyk, howp, ryswaçylyk, näletlenen ýer bolsun diýip, ondan Iýerusalime, Ýahuda şäherlerine, patyşalary bilen ýolbaşçylaryna içirdim.


Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk.


Olar gelip, ony eýelediler, emma Saňa gulak asmadylar. Seniň kanunyňa eýermediler, berjaý etmekleri üçin buýran tabşyryklaryňyň hiç birini ýerine ýetirmediler. Şonuň üçin hem, Sen bu betbagtçylyklaryň ählisini olaryň başyndan inderdiň.


Reb edýän pis işleriňizden we nejis zatlaryňyzdan ýaňa mundan artyk saklanyp bilmedi. Munuň üçin ýurduňyz bu günki bolşy ýaly, ilatsyz harabaçylyga öwrüldi, howpa we gargyşa sezewar boldy.


Ýahuda ýurdunda, Iýerusalimiň köçelerinde ata-babalaryňyzyň, Ýahuda patyşalarynyň, olaryň aýallarynyň, özüňiziň we aýallaryňyzyň eden pis işlerini unutdyňyzmy?


Ata-babalarymyz günä etdiler; indi olar ýok, emma olaryň jezasyny biz çekýäris.


Sizi onuň içinden çykaryp, gelmişekleriň eline bererin, garşyňyza hökümler çykararyn.


Milletler ysraýyl halkynyň Maňa dönüklik edendigi üçin, öz ýazygy sebäpli ýesir edip äkidilendigini bilerler. Men ýüzümi olardan gizledim, olary duşmanlarynyň eline berdim, ählisi gylyçdan heläk boldular.


Ine, indi bolsa siz – günäkärleriň nesli, öz atalaryňyzyň ornuna geçip, Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahar-gazap oduny has-da tutaşdyrdyňyz!


Emma Rebbe gulak asman, Onuň buýrugyna garşy baş göterseňiz welin, ata-babalaryňyza edişi ýaly, Reb size hem jeza berer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ