Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 9:5 - Mukaddes Kitap

5 Agşam gurbanlygynyň berilýän wagty men ýerimden galyp, sal-sal eşikli we ýapynjaly dyza çöküp, ellerimi Hudaýym Rebbe tarap uzadyp, Oňa dileg etdim:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Агшам гурбанлыгының берилйән вагты мен еримден галып, сал-сал эшикли ве япынҗалы дыза чөкүп, эллерими Худайым Реббе тарап узадып, Оңа дилег этдим:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 9:5
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Süleýman Rebbiň gurbanlyk sypasynyň hem bütin ysraýyl halkynyň öňünde durup, ellerini göge tarap uzatdy:


islendik adam ýa-da ysraýyl halky tarapyndan nähili dilegdir ýalbaryş edilen bolsa, her kes öz ýürek derdini bilip, şu öýe tarap ellerini gerse,


Süleýman Hudaýa dilegini, ýalbaryşyny tamamlandan soň, Rebbiň gurbanlyk sypasynyň öňünde ellerini göge gerip, dyza çöken ýerinden turdy.


Süleýman uzynlygy we ini bäş tirsek, beýikligi üç tirsek bolan bürünç seki ýasadyp, ony howluda goýdy-da, onuň üstünde durdy. Soňra ol bütin ysraýyl halkynyň öňünde dyza çöküp, ellerini göge tarap uzatdy:


Men bu zatlary eşidenimde, oturyp agladym we birnäçe günläp ýas tutdum. Agyz bekläp, gökdäki Hudaýdan dileg etdim.


Onuň öňüne arz-halymy dökýärin, Onuň öňünde gaýgylarymy beýan edýärin.


Ýyldyrymlar çakdyr, pytrat olary, peýkamlaryňy ýagdyr, dargat olary!


Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, Onuň mekanyndadyr gözellik, kuwwat.


Musa oňa: «Men galadan çykyp, ellerimi Rebbe uzatdygym, gök gürrüldisi kesiler we dolynyň ýagmasy galar. Şonda sen bu dünýäniň Rebbiňkidigini bilersiň.


Şeýlelikde, Musa faraonyň ýanyndan gidip, galadan çykdy we asmana ellerini uzadyp, Rebbe dileg etdi. Şobada gök gürrüldisi we doly ýagmasy galdy. Ýere ýagyş guýmasy kesildi.


Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr.


Şol günler men Danyýel üç hepdeläp ýas tutdum.


Özi bolsa olardan bir daş atym çete çekildi-de, dyza çöküp:


Biziň wagtymyz dolanda, ýene ýola düşüp, syýahatymyzy dowam etdirdik. Imanlylaryň hemmesi, aýallary we bala-çagalary bilen bile şäheriň daşyna çenli bizi ugratdy. Onsoň kenarda dyza çöküp, Hudaýa doga-dileg etdik.


Şeýlelikde, ýerde we gökde her bir millete at beren Atamyzyň huzurynda men dyza çökýärin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ