Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 9:3 - Mukaddes Kitap

3 Muny eşidenimde, men eşiklerimi we donumy ýyrtyp, saç-sakgalymy ýolup, gaýgy-gama batyp oturdym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Муны эшиденимде, мен эшиклерими ве донумы йыртып, сач-сакгалымы ёлуп, гайгы-гама батып отурдым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 9:3
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Muny eşiden Dawut ýakasyny tutup, geýimlerini ýyrtdy, onuň ýanyndakylar hem şeýtdiler.


Şeýdip, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary dagy ýakalaryny ýyrtyp, Hizkiýanyň ýanyna gelip, oňa baş weziriň sözlerini aýdyp berdiler.


Men bu zatlary eşidenimde, oturyp agladym we birnäçe günläp ýas tutdum. Agyz bekläp, gökdäki Hudaýdan dileg etdim.


Onsoň men olara käýedim, näletledim, käbirlerini urdum, saçlaryny ütdüm. Olara Hudaýyň adyndan ant içirip, şeýle diýdim: «Gyzlaryňyzy olaryň ogullaryna bermäň, ogullaryňyza, özüňize olaryň gyzlaryny almaň!


Eýýup ýerinden galyp, ýakasyny ýyrtdy, saçyny syryp, ýüzüni ýere berip sežde etdi.


Ynsan bir dem kimindir, onuň ömri geçip barýan kölege deýdir.


Şonda Seniň ýoluňy bilerler ýeriň ýüzünde, halas ediş güýjüňi – ähli milletlerde.


Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Meýdeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar.


Ýöne bu sözleriň hemmesini eşiden patyşadyr onuň ähli hyzmatkärleri gorkmadylar, eginbaşlarynam ýyrtmadylar.


Eý, ýahuda halky, saçyňy syr-da, ýalaňaç gaýalarda agy aýt. Çünki Reb gazabyny üstüne döken bu neslini terk edip, ony taşlady.


Onsoň men Kebar kanalynyň ýakasyndaky Telabypda ýaşaýan sürgündäkileriň ýanyna bardym. Men olaryň ýaşaýan ýerinde, olaryň arasynda ýedi günläp aňk-taňk bolup oturdym.


Olar jul geýerler, olary howsala gaplar. Hemmäniň ýüzi utançly bolar, ähli başlaryň saçy syrylar.


eý, patyşa, bu agaç sensiň! Sen ulalyp güýçlendiň. Beýikligiň gitdigiçe ösüp, göge ýetdi, hökümdarlygyň dünýäniň çar künjegine ýaýrady.


Men Danyýel takatdan düşdüm, birnäçe günläp ýaramadym. Soňra aýak üstüne galyp, ýene-de patyşanyň işleri bilen meşgul boldum. Men bu görnüşe aňka-taňka boldum, oňa düşünmedim.


Ýas tutýanlygynyň alamaty hökmünde, ruhanylar saçlaryny we sakgallaryny gyrkyp timarlamasynlar, bedenlerine tyg çekmesinler.


Söýgüli ogullaryňyza ýas tutmak üçin saçyňyzy syryň. Başyňyz çaýkeliňki kimin kel bolsun, çünki çagalaryňyz sürgün ediler.


Ýeşuwa we Ysraýylyň ýaşululary ýakalaryny ýyrtyp, özlerini ýüzinligine ýere oklap, başlaryndan gum sowrup, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde tä agşama çenli ýas tutup ýatdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ