Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 9:2 - Mukaddes Kitap

2 Çünki ysraýyllar özlerine we ogullaryna olardan gyz alyp, mukaddes tohumy ýerli halklar bilen garyşdyrdylar. Bu hyýanatda baştutanlaryň özleri hemmeden öňde boldular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Чүнки ысрайыллар өзлерине ве огулларына олардан гыз алып, мукаддес тохумы ерли халклар билен гарышдырдылар. Бу хыянатда баштутанларың өзлери хеммеден өңде болдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 9:2
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylahy barlyklar bu ynsan gyzlarynyň owadanlygyny görüp, olardan öz halanlaryny aýallyga aldylar.


Süleýman faraonyň gyzyndan başga-da mowaplardan, ammonlardan, edomlardan, sidonlylardan, hetlerden birtopar keseki aýallara aşyk boldy.


Onsoň Eýlam ogullaryndan bolan Ýehiýeliň ogly Şekanýa Ezra ýüzlenip: «Biz keseki halkdan bolan aýallara öýlenip, Hudaýymyza biwepalyk etdik. Emma muňa garamazdan, Ysraýylda entegem umyt bar.


Şonuň üçin ýerli halklar bilen gyz alşyp-berişmäň. Hiç haçan olaryň salamatlygyny we abadanlygyny agtarmaň. Şonda siz güýçlenip, ol ýeriň näz-nygmatlaryndan iýip, ony nesilleriňize ebedilik miras galdyrarsyňyz“ diýipdiň.


Biz ýene Seniň tabşyryklaryňy bozup, bu nejis işleri edýän halklar bilen garyndaşlyk açalymy? Seniň gahar-gazabyň biziň ýekejämizi hem aman galdyrman heläk eder.


Onsoň men Ýahudanyň beglerine käýäp, olara: «Sabat gününi harlap, bu edýän işiňiz näme? Siziň atalaryňyz hem şeýle etmänmidi? Ata-babalarymyzyň şeýle edenligi zerarly Hudaýymyz bu belalary biziň başymyza, bu şäheriň başyna getirmänmidi? Siz Sabat gününi harlamak bilen, Ysraýylyň üstünden has-da güýçli gazap inderýärsiňiz!» diýdim.


Baş ruhany Elýaşybyň ogly Ýehoýadanyň ogullaryndan biri horonly Sanballatyň giýewsidi. Şonuň üçin men ony ýanymdan kowdum.


Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes millet bolarsyňyz“. Ine, seniň ysraýyllara aýtmaly sözleriň şudur».


Siz Meniň mukaddes halkymsyňyz. Şonuň üçin hem ýyrtyjylaryň meýdanda parçalan mallarynyň etini iýmäň. Ony itleriň öňüne oklaň».


Siz ogullaryňyza olaryň gyzlaryndan aýal alyp berersiňiz. Öz hudaýlaryna sežde edip ýören bu gyzlar siziň ogullaryňyza hem şeýle etdirerler.


halkyň ondan biri galsa-da, ýurt ýene-de ýakylar. Emma dagdan ýa-da dub çapylanda kökleriniň galyşy kimin, mukaddes nesil-de ýurtda kök kimin bolar».


Ýahuda dönüklik edip, Ysraýylda we Iýerusalimde nejis iş etdi. Ýahuda keseki hudaýa sežde edýän gyza öýlenip, Rebbiň halaýan mukaddes öýüni harama çykardy.


Tutuş kalby bilen Hudaýa wepaly bolan hiç bir adam beýle hereket etmez. Wepaly adam näme isleýär? Ol öz dogulýan çagalarynyň Hudaýyň halky bolmagyny isleýär. Şonuň üçin habardar boluň we ýaşlykda öýlenen aýalyňyza dönüklik etmäň.


Çünki iman etmedik är öz aýaly arkaly Hudaýa degişli bolýandyr. Iman etmedik aýal-da öz iman edýän äri arkaly Hudaýa degişlidir, ýogsa siziň çagalaryňyz Hudaýyň halkyna degişli bolmazdylar. Indi welin olar degişlidir.


Iman etmedikler bilen bir boýuntyryga girmäň! Dogrulygyň pislik bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nur bilen tümlügiň näme umumylygy bar?


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin, sizi ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden saýlady.


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady.


Olar Gilgada – rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň ýanyna gelip, olara şeýle diýdiler:


Emma siz Rebden ýüz öwrüp, araňyzda diri galan beýleki milletlere goşulsaňyz, olar bilen gyz alşyp-berşip, garyndaşlyk açsaňyz,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ