Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 9:15 - Mukaddes Kitap

15 Ýa Reb, eý, Ysraýyl Hudaýy, Sen adylsyň! Bu gün biziň, aman galan halkyň günäsi zerarly Seniň öňüňde durup biljegimiz ýokdur, emma şonda-da biz Seniň huzuryňda durus».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Я Реб, эй, Ысрайыл Худайы, Сен адылсың! Бу гүн бизиң, аман галан халкың гүнәси зерарлы Сениң өңүңде дуруп билҗегимиз ёкдур, эмма шонда-да биз Сениң хузурыңда дурус».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 9:15
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kim nirede galan bolsa, şol ýeriň ilaty olara Iýerusalimdäki Hudaýyň öýi üçin berjek meýletin sadakalaryndan daşary altyn, kümüş, emläk we mal-gara bilen ýardam etsin“».


«Eý, Hudaýym, Saňa ýüzlenmäge utanýaryn! Çünki günämiz başymyzdan agdy, ýazygymyz beýgelip göge ýetdi.


Öz huzuryňda ýüregini sadyk tapyp, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, ýabuslaryň, girgaşlaryň ýurduny nesline bermek hakda onuň bilen äht edişen we ähtini ýerine ýetiren adalatly Hudaýsyň.


Eý, Ysraýyl, Rebbe bagla öz umydyňy, şindiden asyrlarboýy!


Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.


Ýatlaýaryn, gijesine öz ýüregim bilen söhbet edýärin oýlanýaryn, ruhum içgin-içgin çintgeýär:


Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam, Sen hemişe hakly çykýarsyň. Emma ýene-de adalat barada Seniň bilen gürleşmek isleýärin. Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar? Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?


Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halkyna: „Siz: Jenaýatlarymyz we günälerimiz bizi çökerýär, olardan ýaňa eräp ýok bolup barýarys. Bu ýagdaýda biz nähili diri galarys? diýýärsiňiz“ diý.


Aman galanlaryň ählisi gaçyp, öz etmişleri zerarly dere gögerçinleri kimin daglarda ahy-nala çekerler.


Şonuň üçin Reb bu belalaryň amatly pursadyny peýläp, olary biziň başymyzdan inderdi. Çünki Hudaýymyz Reb ähli edýän işlerinde adyldyr. Biz bolsa Onuň sözüne boýun bolmadyk.


Siziň nesilleriňiz öz etmişlerini we atalarynyň etmişlerini, olaryň Maňa biwepalyk edip, Meniň garşyma gidendiklerini we Meniň hem olara garşy gidip, olary duşmanlarynyň ýurduna getirendigimi boýun alarlar. Siziň nesilleriňiz boýnuýogynlyk etmeklerini bes edip, öz günäleri üçin ötünç soranlaryndan soň, Men Ýakup bilen eden ähtimi, Yshak bilen eden ähtimi, Ybraýym bilen eden ähtimi we ýurdy size bererin diýip eden wadamy ýatlaryn.


Isa olara ýene: «Men gidip barýaryn; siz Meni gözlärsiňiz we günäňiziň içinde ölersiňiz. Siz Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz» diýdi.


Munuň üçin Men size „günäňiziň içinde ölersiňiz“ diýdim, çünki Meniň Biribardygyma iman etmeseňiz, günäňiziň içinde ölersiňiz» diýdi.


Olar Hudaýyň dogrulygyna düşünmediler. Şonuň üçin-de, Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanjak bolup, Hudaýyň dogrulygyna tabyn bolmadylar.


Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir.


Eger Isa Mesih direlmedik bolsa, onda siziň iman getirmegiňiz hem puçdur: siz öňkiňiz ýaly günäleriňiziň içindesiňiz.


Olar Gilgada – rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň ýanyna gelip, olara şeýle diýdiler:


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ