Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 9:1 - Mukaddes Kitap

1 Bu işler tamamlanandan soň, baştutanlar meniň ýanyma gelip: «Ysraýyl halky we ruhanylardyr lewiler bu ýeriň halklaryndan, ýagny kenganlardan, hetlerden, perizlerden, ýabuslardan, ammonlardan, mowaplardan, müsürlilerden, amorlardan we olaryň nejis işlerinden özlerini aýry tutup bilmediler» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Бу ишлер тамамланандан соң, баштутанлар мениң яныма гелип: «Ысрайыл халкы ве руханылардыр левилер бу ериң халкларындан, ягны кенганлардан, хетлерден, перизлерден, ябуслардан, аммонлардан, моваплардан, мүсүрлилерден, аморлардан ве оларың неҗис ишлеринден өзлерини айры тутуп билмедилер» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 9:1
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nesliňiň dördünji arkasy bu ýere dolanyp geler, çünki amorlaryň günäsi heniz jeza almak derejesine ýetenok».


Süleýman faraonyň gyzyndan başga-da mowaplardan, ammonlardan, edomlardan, sidonlylardan, hetlerden birtopar keseki aýallara aşyk boldy.


Rebbiň ysraýyllaryň arasyndan kowup çykaran milletleriniň eden nejis işleri ýaly Manaşa hem Rebbiň nazarynda nejis işleri etdi


Ysraýyl halkyndan bolmadyk hetler, amorlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar entek hem şol ýurtda ýaşaýardylar.


Onsoň Eýlam ogullaryndan bolan Ýehiýeliň ogly Şekanýa Ezra ýüzlenip: «Biz keseki halkdan bolan aýallara öýlenip, Hudaýymyza biwepalyk etdik. Emma muňa garamazdan, Ysraýylda entegem umyt bar.


Eger kimde-kim üç günüň içinde Iýerusalime gelmese, baştutanlaryň we ýaşulularyň buýrugy boýunça, olaryň ähli emlägi ellerinden alnyp, olaryň özleri hem sürgünden gelen halkyň arasyndan çykaryljakdyr diýlip yglan edildi.


Şol günler men aşdotly, ammonly we mowaply aýallara öýlenen ýahudylary-da gördüm.


Onuň ýanyndaky ammonly Tobyýa şeýle diýdi: «Olaryň gurýan daş diwarynyň üstüne tilki münse-de ýykylar!»


Emma Sanballatdyr Tobyýa, araplardyr ammonlar we aşdotlylar Iýerusalim diwarlarynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, diwar gädikleriniň bitirilip barýandygyny eşidenlerinde, gaty gaharlandylar.


Ysraýyllar ähli kese ýerlilerden özlerini aýryp, öz günälerini, ata-babalarynyň etmişlerini boýun aldylar.


Ol çöli öwürýär kak köllerine, gurak topragy – suw gözbaşyna.


Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan mes toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz.


Meniň perişdäm siziň öňüňizden gidip, sizi amorlaryň, hetleriň, perizleriň, kenganlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getirer we Men olary gyryp ýok ederin.


Eger biziň bilen gitmeseň, onda meniň we halkyňyň Seniň öňüňde merhemet gazanandygy nädip bilinsin? Şonuň üçin hem meniň we halkyňyň ýer ýüzündäki ähli halklardan aýratyndygymyzy görkez» diýdi.


Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň! Haram zatlara el degirmäň; ol ýerden çykyp, tämizleniň, eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!


Ýahudanyň ýolbaşçylary bu zatlary eşidenlerinde, patyşanyň köşgünden çykyp, Rebbiň öýüne geldiler we Täze derwezäniň girelgesinde oturdylar.


Onsoň ýolbaşçylar bilen ähli halk ruhanylara: «Bu adam bize Hudaýymyz Rebbiň adyndan gepländigi üçin, ol ölüme höküm edilmeli däldir» diýdiler.


Siz ýaşan ýeriňiz bolan Müsür ýurdunyň we sizi indi alyp barýan ýurdum bolan Kenganyň adatlaryna eýermäň.


Ýahuda dönüklik edip, Ysraýylda we Iýerusalimde nejis iş etdi. Ýahuda keseki hudaýa sežde edýän gyza öýlenip, Rebbiň halaýan mukaddes öýüni harama çykardy.


Gaýalaryň depesinden men Ysraýyly görýärin. Baýyrlardan men oňa bakyp durun. Ine, aýry ýaşaýan bir halkdyr ol, milletler arasynda aýry hasaplanýar.


Musa we bütin ysraýyl halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň işiginde aglaşyp durkalar, bir ysraýylly erkek kişi olaryň gözüniň alnynda bir midýanly aýaly öz maşgalasyna getirdi.


Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduna baranyňyzda, ol halklaryň nejis adatlaryny berjaý etmegi öwrenmäň.


Olaryň agtyklary Rebbiň jemagatyna girip biler.


«Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar jemi ýedi milletdir.


Emma siz Rebden ýüz öwrüp, araňyzda diri galan beýleki milletlere goşulsaňyz, olar bilen gyz alşyp-berşip, garyndaşlyk açsaňyz,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ