Dördülenji gün Hudaýymyzyň öýünde altyndyr kümüş we gap-gaçlar ölçelip, olar Uryýanyň ogly ruhany Meremotyň eline berildi. Meremotyň ýanynda Pinehasyň ogly Elgazar bardy. Lewi tiresinden bolan Ýeşuwanyň ogly Ýozabat we Binnuýyň ogly Nogadýa hem olaryň ýanyndady.
Onsoň ýesirlikden, sürgünden gaýdyp gelenler Ysraýyl Hudaýyna ýakma gurbanlyklar berdiler. Bütin Ysraýyl üçin on iki öküz, togsan alty goç, ýetmiş ýedi guzy, günä gurbanlygy üçin hem on iki erkeç berdiler. Bularyň hemmesi Rebbe ýakma gurbanlyk üçindi.