Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 8:28 - Mukaddes Kitap

28 Men olara şeýle diýdim: «Siz Rebbe bagyş edilensiňiz, bu gap-gaçlar hem bagyş edilendir. Bu altyndyr kümüş siziň ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbe berlen meýletin sadakadyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Мен олара шейле дийдим: «Сиз Реббе багыш эдиленсиңиз, бу гап-гачлар хем багыш эдилендир. Бу алтындыр күмүш сизиң ата-бабаларыңызың Худайы Реббе берлен мейлетин садакадыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 8:28
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Lewiler Rebbiň öýüne hyzmat etmek üçin, Harunyň neslinden bolan adamlaryň ýanynda bolup, şu işleri ýerine ýetirmelidiler: howlulara hem-de otaglara seretmek, mukaddes zatlary arassalamak, Hudaýyň öýüniň hyzmatyndaky her bir işe:


Hudaýyň öýüniň hazynalary hem-de berlen sadakalaryň hazynalary beýleki lewileriň garamagyndady.


Olar işi tamamlanlaryndan soň, galan puly patyşa we Ýehoýada ruhana getirip berdiler. Galan puldan Rebbiň öýi üçin enjamlary, hyzmat üçin we ýakma gurbanlyk bermek üçin enjamlar, jamlar, altyn we kümüş esbaplar ýasadylar. Olar Ýehoýadanyň ömrüniň dowamynda hemişe Rebbiň öýünde ýakma gurbanlyklar hödür etdiler.


Ähli ysraýyl erkekleri we aýallary Rebbiň Musa buýran işi üçin göwnünden çykaran zatlaryny getirdiler. Olar muny Rebbe meýletin sadaka hökmünde getirdiler.


Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň! Haram zatlara el degirmäň; ol ýerden çykyp, tämizleniň, eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!


Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.


Lewi hakda şeýle diýdi: «Ýa Reb, Tummymyňy Lewä, Urymyňy sadyk guluňa ber. Ony Masada synadyň, Meriba çeşmesinde söweşdiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ