Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 8:23 - Mukaddes Kitap

23 Şeýdip, biz agyz bekläp, Hudaýymyzdan bizi goramagyny dileg edip ýalbardyk. Ol hem biziň dilegimizi eşitdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Шейдип, биз агыз бекләп, Худайымыздан бизи горамагыны дилег эдип ялбардык. Ол хем бизиң дилегимизи эшитди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 8:23
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebekadan perzent önmeýärdi. Yshak aýaly üçin Rebbe dileg etdi. Reb Yshagyň dilegini eşitdi we Rebeka göwreli boldy.


Ýehogahaz Rebbe ýalbardy, Reb hem ony eşitdi, çünki Reb Ysraýylyň çekýän sütemini, Siriýa patyşasynyň olara berýän ezýetini gördi.


Olar uruşda Hudaýa ahy-nala edip, kömek alandyklary üçin, hagarlaryň hem-de olaryň ýanyndakylaryň ählisini ele saldylar. Hudaý olaryň ahy-nalasyna jogap berdi, çünki olar Oňa ynandylar.


Onsoň birinji aýyň on ikinji güni biz Ahawa derýasynyň boýundan Iýerusalime bakan ýola rowana bolduk. Ýolda Hudaýymyz biziň bilen bile bolup, Ol bizi ýoldaky garakçylardan we duşman elinden halas etdi.


Ýedinji aýyň ýigrimi dördüne ysraýyl halky agyz beklemäge ýygnanyşdy. Olar jul geýnip, başlaryndan gum sowrupdy.


«Bar, Suzadaky ähli ýahudylary ýygna, meniň üçin agyz bekläň, üç gije-gündizläp iýmäň, içmäň. Men we meniň kenizlerim-de siz ýaly agyz bekläris. Şondan soň kanundan çykýan hem bolsam, patyşanyň ýanyna giderin. Goý, ölsem öleýin».


Öz düşünjäňe daýanma, bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla.


Reb Müsüri jezalandyrar, ýene-de Özi olara şypa berer. Müsürliler Rebbe dolanarlar, Reb-de olaryň ýalbarmalaryny diňläp, olara şypa berer.


„Meni çagyr, saňa jogap bereýin, seniň bilmeýän beýik hem pynhan zatlaryňyň syryny aýdaýyn“.


Onsoň men ýüzümi Taňry Hudaýa tarap öwürdim. Agyz bekläp, jul geýnip, kül üstünde oturyp, dileg etdim, Ony agtaryp ýalbardym.


Korneliý şeýle jogap berdi: «Üç gün mundan ozal şu wagtlar agzym beklidi. Öýlän sagat üçlerde öýümde Hudaýa doga-dileg edýärdim. Ine, birdenkä garşymda lowurdaýan eşikde bir adam peýda boldy. Ol maňa:


Olaryň içinden siz Hudaýyňyz Rebbi agtararsyňyz. Tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen gözleseňiz, siz Ony taparsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ