Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 8:22 - Mukaddes Kitap

22 Çünki men patyşadan ýolda bizi duşmandan gorar ýaly esgerler we atlylary dilemäge çekindim. Biz patyşa: «Hudaýymyz Özüni agtarýanlaryň hemmesine merhemet edýär. Özünden ýüz öwrenleriň garşysyna bolsa Onuň gazaby güýçlüdir» diýip aýdypdyk.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Чүнки мен патышадан ёлда бизи душмандан горар ялы эсгерлер ве атлылары дилемәге чекиндим. Биз патыша: «Худайымыз Өзүни агтарянларың хеммесине мерхемет эдйәр. Өзүнден йүз өвренлериң гаршысына болса Онуң газабы гүйчлүдир» дийип айдыпдык.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 8:22
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.


Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder.


Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».


Ol patyşanyň, onuň geňeşçileriniň we ähli güýçli begzadalarynyň huzurynda maňa merhemetini eçdi. Hudaýym Rebbiň goldawyndan ruhlanyp, meniň bilen Iýerusalime dolanmaklary üçin Ysraýyl baştutanlaryny ýygnadym.


Ezra birinji aýyň birinji güni Babyldan çykyp gaýdypdy. Hudaýynyň ýalkamagy bilen ol bäşinji aýyň birinji güni Iýerusalime geldi.


Onsoň birinji aýyň on ikinji güni biz Ahawa derýasynyň boýundan Iýerusalime bakan ýola rowana bolduk. Ýolda Hudaýymyz biziň bilen bile bolup, Ol bizi ýoldaky garakçylardan we duşman elinden halas etdi.


Patyşa meniň ýanym bilen goşun serkerdelerini, atlylar ýollady. Onsoň men Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimleriniň ýanyna baryp, olara patyşanyň hatlaryny berdim.


Çünki Rebbe bil baglaýar patyşa, Beýik Hudaýyň sadyk söýgüsi arkaly ol sarsdyrylmaz.


Ýa Reb, Özüň gördüň, dymma! Ýa Taňry, menden uzakda bolma.


Seni ähli ýollaryňda goramak üçin, perişdelerine sen babatda Ol emr eder.


Reb Özüne bil baglaýanlara, Özüni ýürekden agtarýanlara ýagşydyr.


Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris.


Ýöne men bu hak-hukuklarymyň birinden-de peýdalanan däldirin. Men muny ýazmak bilen sizden hak-hukugymy talap etmekçi bolamok. Meniň bu magtanmamy, goý, hiç kim puja çykarmasyn. Şeýle bolanyndan, ölenim gowudyr!


Men onuň ýanynda siz babatda öwnüpdim, siz-de meniň ýüzümi ýere salmadyňyz. Size aýdanlarymyzyň elmydama hakykat bolşy ýaly, Titusyň öňündäki magtanjymyzyň hem hakykatdygy subut boldy.


Meniň dogruçyl halkym iman bilen ýaşar, eger imandan dänse, ondan razy bolmaryn».


«Rebbiň tutuş jemagaty şeýle diýýär: „Bu nähili dönüklik? Siz Ysraýyl Hudaýy Rebbiň garşysyna çykdyňyzmy? Siz Rebbe gulluk etmekden ýüz öwürdiňizmi? Siz öz gurbanlyk sypaňyzy gurup, Rebbe garşy baş göterýäňizmi?


Eger-de siz özüňize berjaý etmek üçin berlen Hudaýyňyz Rebbiň ähtini bozsaňyz we başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde etseňiz, onda Rebbiň gahar-gazaby siziň garşyňyza tutaşar. Siz Rebbiň beren bu oňat ýerinde şobada heläk bolarsyňyz».


Dogry adamlarda Rebbiň gözleri, perýatlaryna açyk Onuň gulagy. Ýöne Rebbiň ýüzi ýamanlyk edýänlere garşydyr».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ