Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 8:18 - Mukaddes Kitap

18 Hudaýymyzyň ýalkamagy bilen olar biziň ýanymyza Ysraýylyň çowlugy, Lewiniň agtygy Mahlynyň neslinden bolan Şerebýa atly dana adamy we onuň ogullarydyr garyndaşlaryny – jemi on sekiz adamy getirdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Худайымызың ялкамагы билен олар бизиң янымыза Ысрайылың човлугы, Левиниң агтыгы Махлының неслинден болан Шеребя атлы дана адамы ве онуң огулларыдыр гарындашларыны – җеми он секиз адамы гетирдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 8:18
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Nesillerine görä lewileriň uruglary şulardyr:


Hizkiýa Rebbiň hyzmatynda ussatlyk görkezen lewileri ruhlandyrdy. Şeýdip, olar salamatlyk gurbanlygyny berip, atalarynyň Hudaýy Rebbe şükürler aýdyp, ýedi günläp baýramçylyk iýmitlerini iýdiler.


Ol patyşanyň, onuň geňeşçileriniň we ähli güýçli begzadalarynyň huzurynda maňa merhemetini eçdi. Hudaýym Rebbiň goldawyndan ruhlanyp, meniň bilen Iýerusalime dolanmaklary üçin Ysraýyl baştutanlaryny ýygnadym.


Ezra birinji aýyň birinji güni Babyldan çykyp gaýdypdy. Hudaýynyň ýalkamagy bilen ol bäşinji aýyň birinji güni Iýerusalime geldi.


Onsoň men baştutanlar Eligezeri, Ariýeli, Şemagýany, Elnatany, Ýaryby, Elnatany, Natany, Zakarýany, Meşullamy we pähim-paýhasly adamlar bolan Ýoýaryby, Elnatany çagyrtdym.


Şeýle hem Haşabýany, onuň bilen Merarynyň neslinden bolan Ýeşagýany we onuň garyndaşlarydyr olaryň ogullaryny – jemi ýigrimi adamy;


Çünki men patyşadan ýolda bizi duşmandan gorar ýaly esgerler we atlylary dilemäge çekindim. Biz patyşa: «Hudaýymyz Özüni agtarýanlaryň hemmesine merhemet edýär. Özünden ýüz öwrenleriň garşysyna bolsa Onuň gazaby güýçlüdir» diýip aýdypdyk.


Soňra men on iki ruhany ýolbaşçysyny: Şerebýany, Haşabýany olaryň on sany garyndaşy bilen birlikde saýlap aldym.


Lewiler baştutanlary Haşabýa, Şerebýa we Kadmyýeliň ogly Ýeşuwa bir tarapda, doganlary-da beýleki tarapda durup, Hudaýyň guly Dawudyň tabşyryşy ýaly, gezek-gezegine alkyş okap, şükür edýärdiler.


Şeýle hem patyşa tokaýynyň sakçysy Asafa, ybadathana galasynyň derwezeleri üçin, şäheriň diwarlary we meniň ýaşajak öýümiň pürsleri üçin agaç berer ýaly hat bersin» diýdim. Hudaýymyň ýalkamagy bilen patyşa meniň dilegimi bitirdi.


Soňra olar ýerlerinden turup, hersi öz ýerinde durdular. Lewiler: Ýeşuwa, Bany, Şerebýa, Ýamyn, Akup, Şabetaý, Hodyýa, Magaseýa, Kelita, Azarýa, Ýozabat, Hanan, Pelaýa dagy halka kanuny düşündirdiler.


Öý danalyk bilen gurulýandyr, düşünje bilenem berkarar edilýändir.


Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular.


Men size Öz göwnümdäki ýaly çopanlary berjek, olar sizi bilim we düşünje bilen bakarlar.


Patyşa her bir ylym ýa-da düşünje bilen baglanyşykly mesele hakda soranda, öz patyşalygyndaky ähli jadygöýlerdir palçylardan olaryň on esse artykdygyny gördi.


Uruglaryna görä Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Kowumlaryna görä lewi uruglary şulardyr.


Eý, doganlar, çagalar ýaly pikir ýöretmegiňizi bes ediň. Ýamanlyk babatda çaga ýaly boluň, ýöne akyl babatda kämil ýaşly boluň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ