Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 8:17 - Mukaddes Kitap

17 Olary Kasypýadaky baştutan Ydonyň ýanyna iberdim. Bize Hudaýymyzyň ybadathanasynda gulluk eder ýaly adam ibermekleri üçin, Kasypýadaky Ydo we onuň garyndaşlaryna – ybadathana hyzmatkärlerine näme diýmelidigini olara aýtdym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Олары Касыпядакы баштутан Ыдоның янына ибердим. Бизе Худайымызың ыбадатханасында гуллук эдер ялы адам ибермеклери үчин, Касыпядакы Ыдо ве онуң гарындашларына – ыбадатхана хызматкәрлерине нәме диймелидигини олара айтдым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 8:17
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa: «Şu işlerde Ýowabyň eli-hä ýokdur-da?!» diýdi. Aýal: «Şa hezretleriniň ömri uzak bolsun! Patyşanyň aýdan zadyndan hiç kim saga-sola sowlup bilmez. Hut şa hezretleriniň aýdyşy ýaly, gyrnagyňy Ýowap iberdi we aýtmaly sözleriniň ählisini gyrnagyňyň agzyna ol salyp iberdi.


patyşanyň ýanyna baryp, meniň diýenlerimi oňa aýdarsyň» diýip, aýtmaly sözlerini onuň agzyna salyp berdi.


Käbir ysraýyllar ilkinji bolup, galalardaky öz mülklerine ruhanylar, lewiler hem-de ybadathana hyzmatkärleri bilen dolanyp geldiler.


Ybadathana hyzmatkärleri: Sihanyň, Hasupanyň, Tabagotyň,


Ähli ybadathana hyzmatkärleriniň we Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesilleriniň jemi üç ýüz togsan iki adam boldy.


Artakserks patyşanyň patyşalygynyň ýedinji ýylynda ysraýyl halkynyň bir bölegi, birnäçe ruhanylardyr lewiler, ybadathana aýdymçylarydyr derwezebanlary we hyzmatkärleri Iýerusalime gaýtdylar.


Onsoň men baştutanlar Eligezeri, Ariýeli, Şemagýany, Elnatany, Ýaryby, Elnatany, Natany, Zakarýany, Meşullamy we pähim-paýhasly adamlar bolan Ýoýaryby, Elnatany çagyrtdym.


Sen oňa gepläp, sözleri onuň agzyna salyp berersiň. Men siziň ikiňize hem geplemäge kömek ederin we size näme etmelidigiňizi öwrederin.


Soňra Reb elini uzadyp, agzyma degirdi we maňa şeýle diýdi: «Ine, Men sözlerimi seniň agzyňa saldym.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Eger toba etseň, seni ýene kabul edip, huzurymda durzaryn. Eger biderek sözleri däl-de, gymmatly sözleri aýtsaň, Meniň dilim bilen geplärsiň. Bu halkyň özi saňa tarap öwrüler, emma sen olara tarap öwrülmersiň.


Size peşgeş hökmünde, ysraýyllaryň arasyndan lewi doganlaryňyzy Meniň Özüm saýlap aldym. Ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny ederleri ýaly, olar Maňa bagyş edilendir.


Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin.


Saňa buýruşym ýaly, tamamlanylmadyk işleri bitir, her şäherdäki imanlylar ýygnagyna ýolbaşçylary belle. Ine, hut şu maksat bilen men seni Krit adasynda goýup gaýdandyryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ