Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 8:1 - Mukaddes Kitap

1 Artakserks patyşanyň döwründe meniň bilen bile Babyldan çykan urugbaşylar we olaryň nesil ýazgysy şudur:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Артаксеркс патышаның дөврүнде мениң билен биле Бабылдан чыкан уругбашылар ве оларың несил язгысы шудур:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 8:1
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Garyndaşlary bolan Harunyň nesillerinde bolşy ýaly, bular hem Dawut patyşanyň, Sadokdyr Ahymelegiň, ruhanylardyr lewileriň kowumbaşylarynyň öňünde bije atdylar. Olaryň kowumbaşylar bolan ýaş garyndaşlary hem şeýle etdiler.


Olary hem-de olaryň garyndaşlaryny – jemi iki müň ýedi ýüz sany urugbaşylar bolan edermen adamy Dawut patyşa Hudaýyň hem-de patyşanyň işlerini etmek üçin rubenleriň, gatlaryň hem-de gündogardaky manaşa tiresiniň baştutany edip goýdy.


Bu galalaryň töweregindäki Bagala çenli bolan obalary olaryň mesgen tutan ýerleridir. Olar nesil daragtyny ýazdylar.


Ysraýyllaryň hemmesi öz nesil daragtyna görä hasaba alnyp, olar Ysraýyl patyşalarynyň kitabyna ýazyldy. Ýahudalar Rebbe biwepalyk edendikleri üçin Babyla sürgün edildi.


Nesil daragtyna görä lewileriň urugbaşylary şulardylar. Olar Iýerusalimde ýaşadylar.


Batyr ýigitleriň urugbaşylarynyň umumy sany iki müň alty ýüzdi.


Şondan soňra Hudaý tarapyndan kalby oýarylan her kes – ýahuda we benýamin tireleriniň urugbaşylary hem-de ruhanylardyr lewileri baryp, Rebbiň Iýerusalimdäki ybadathanasyny bina etmek üçin, ýol şaýlaryny tutup ugradylar.


Olar Zerubabyl, Ýeşuwa, Nehemýa; Seraýa, Regelaýa, Mordekaý, Bilşan, Mispar, Bigwaý, Rehum we Bagana dagynyň ýolbaşçylygynda geldiler. Ýesirlikden gaýdyp gelen Ysraýyl halkynyň erkek adamlarynyň sanawy şulardyr:


Paroş nesilleri iki müň bir ýüz ýetmiş iki adam;


Bular öz atlaryny nesil daragty boýunça hasaba alnanlaryň arasyndan gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçinem olar ruhanylykdan çykaryldylar.


Men ýurdumdaky ysraýyl halkyndan ýa olaryň ruhanylaryndan, ýa-da lewilerden öz meýli bilen Iýerusalime gitmek isleýän her bir adama rugsat berilsin diýip buýurýaryn.


Ol patyşanyň, onuň geňeşçileriniň we ähli güýçli begzadalarynyň huzurynda maňa merhemetini eçdi. Hudaýym Rebbiň goldawyndan ruhlanyp, meniň bilen Iýerusalime dolanmaklary üçin Ysraýyl baştutanlaryny ýygnadym.


Artakserks patyşanyň patyşalygynyň ýedinji ýylynda ysraýyl halkynyň bir bölegi, birnäçe ruhanylardyr lewiler, ybadathana aýdymçylarydyr derwezebanlary we hyzmatkärleri Iýerusalime gaýtdylar.


Pinehasyň neslinden Gerşom; Ytamaryň neslinden Danyýel; Dawudyň neslinden Hatuş, Şekanýanyň nesilleri. Paroşyň neslinden Zakarýa we onuň bilen nesil daragty boýunça hasaba alnan ýüz elli erkek adam.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ