Onsoň Ýahudanyň we Benýaminiň ähli adamlary üç günüň içinde Iýerusalime ýygnandylar. Bu dokuzynjy aýyň ýigriminji günüdi. Ähli adamlar bu işiň wajyplygyndan we güýçli ýagyşdan ýaňa galpyldaşyp, Hudaýyň ybadathanasynyň öňündäki açyk meýdançada oturdylar.
Artakserks patyşanyň patyşalygynyň ýedinji ýylynda ysraýyl halkynyň bir bölegi, birnäçe ruhanylardyr lewiler, ybadathana aýdymçylarydyr derwezebanlary we hyzmatkärleri Iýerusalime gaýtdylar.
Biz gullardyrys, emma Hudaýymyz bizi gulçulykda terk etmän, gaýtam Pars patyşalarynyň huzurynda bize Özüniň merhemetini eçildi. Hudaýymyzyň öýüni gurup, onuň ýykylan ýerlerini dikelder ýaly, bize täze durmuş berdi. Ol Ýahudada we Iýerusalimde bize pena berdi.
Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip-saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde meýdançalar we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar.