Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 7:28 - Mukaddes Kitap

28 Ol patyşanyň, onuň geňeşçileriniň we ähli güýçli begzadalarynyň huzurynda maňa merhemetini eçdi. Hudaýym Rebbiň goldawyndan ruhlanyp, meniň bilen Iýerusalime dolanmaklary üçin Ysraýyl baştutanlaryny ýygnadym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Ол патышаның, онуң геңешчилериниң ве әхли гүйчли бегзадаларының хузурында маңа мерхеметини эчди. Худайым Реббиң голдавындан рухланып, мениң билен Иерусалиме доланмаклары үчин Ысрайыл баштутанларыны йыгнадым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 7:28
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.


Gudratygüýçli Hudaýyň Özi size ol adamyň öňünde rehim etsin; belki, ol beýleki doganyňyzy-da, Benýamini-de goýberäýedi-dä. Çagasyz galmaly bolsam, goý, galaýyn».


Emma Ysraýyl Hudaýynyň nazary ýahudy ýaşulularynda bolansoň, bu iş hakdaky habar Darýuşa ýetip, ondan jogap gelýänçä, olar ýahudylaryň işini togtadyp bilmediler.


Sen patyşa we onuň ýedi geňeşçisi tarapyndan Ýahudada we Iýerusalimde eliňdäki Hudaýyň kanunynyň nähili ýerine ýetirilýändigini barlamak üçin,


Ezra birinji aýyň birinji güni Babyldan çykyp gaýdypdy. Hudaýynyň ýalkamagy bilen ol bäşinji aýyň birinji güni Iýerusalime geldi.


Artakserks patyşanyň döwründe meniň bilen bile Babyldan çykan urugbaşylar we olaryň nesil ýazgysy şudur:


Men olaryň hemmesini Ahawa tarap akýan derýanyň boýuna ýygnadym. Biz ol ýerde üç gün düşledik. Men halky we ruhanylary bir laý gözden geçirenimde, lewilerden ýekejesine-de gözüm düşmedi.


Hudaýymyzyň ýalkamagy bilen olar biziň ýanymyza Ysraýylyň çowlugy, Lewiniň agtygy Mahlynyň neslinden bolan Şerebýa atly dana adamy we onuň ogullarydyr garyndaşlaryny – jemi on sekiz adamy getirdiler.


Biz gullardyrys, emma Hudaýymyz bizi gulçulykda terk etmän, gaýtam Pars patyşalarynyň huzurynda bize Özüniň merhemetini eçildi. Hudaýymyzyň öýüni gurup, onuň ýykylan ýerlerini dikelder ýaly, bize täze durmuş berdi. Ol Ýahudada we Iýerusalimde bize pena berdi.


Ýa Reb, Öz guluňyň dilegine we Saňa hormat goýýan gullaryňyň dilegini eşit! Öz guluňyň işini şu gün Özüň oňuna edip, patyşanyň maňa rehimi iner ýaly et». Men şol wagtlar patyşanyň sakysydym.


Şeýle hem patyşa tokaýynyň sakçysy Asafa, ybadathana galasynyň derwezeleri üçin, şäheriň diwarlary we meniň ýaşajak öýümiň pürsleri üçin agaç berer ýaly hat bersin» diýdim. Hudaýymyň ýalkamagy bilen patyşa meniň dilegimi bitirdi.


Soňra ol özüniň hem-de töreleriniň adyndan Ninewäniň halkyna şeýle buýruk berdi: «Ähli adamlar-da, haýwanlardyr mal-garalar-da hiç zat iýmesinler, suw-da içmesinler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ