Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 7:27 - Mukaddes Kitap

27 Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne şöhrat getirmek üçin patyşanyň kalbyna bu zatlary salan atalarymyzyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Реббиң Иерусалимдәки өйүне шөхрат гетирмек үчин патышаның калбына бу затлары салан аталарымызың Худайы Реббе алкыш болсун!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 7:27
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hizkiýa bilen baştutanlar gelip, üýşmekleri görüp, Rebbi we onuň halky Ysraýyly alkyşladylar.


Onsoň olar ýedi günläp uly şatlyk bilen Petir baýramyny bellediler. Çünki Reb olara şatlyk berdi we Ysraýyl Hudaýynyň öýüni gurmaga ýahudalara ýardam bereri ýaly, Aşur patyşasynyň kalbynda olara bolan rehim oýardy.


Soňra gije turup, ýanyma birnäçe adam aldym. Iýerusalim hakynda Hudaýymyň kalbyma näme salandygyny hiç kime aýtmadym. Ýanymda münüp barýan eşegimden başga mal ýokdy.


Şeýle hem patyşa tokaýynyň sakçysy Asafa, ybadathana galasynyň derwezeleri üçin, şäheriň diwarlary we meniň ýaşajak öýümiň pürsleri üçin agaç berer ýaly hat bersin» diýdim. Hudaýymyň ýalkamagy bilen patyşa meniň dilegimi bitirdi.


Onsoň nesilleri boýunça hasaba almak üçin begleri, baştutanlary we halky üýşürmegi Hudaýym ýüregime saldy. Men ýesirlikden ilkinji dolanyp gelenleriň nesilleri bilen geçirilen ilat ýazuwyny gözläp tapdym. Onda şular ýazylandy:


Musa faraona: «Seniň üçin, emeldarlaryň we halkyň üçin haçan dileg etmelidigini maňa özüň aýdaý, şonda gurbagalar sizden we siziň öýleriňizden ýok bolup giderler, olar diňe Nil derýasynda galar» diýdi.


Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.


Mukaddes öýümi bezemek üçin Liwanyň baýlygy geler saňa, Aýak basýan ýerimi şöhratlandyrmak üçin serwi, çynar we arça agaçlary saňa getiriler.


Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Titusyň-da ýüregine size bolan yhlasy saldy.


Ahyrsoňy men barada ýene-de alada edip başlanyňyza Rebde örän şatlandym. Siz ozal hem alada edýärdiňiz, ýöne muny görkezmäge mümkinçiligiňiz ýokdy.


«Ol günlerden soň, Meniň olar bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunlarymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn».


Ine, ol günlerden soň Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar. Muny Reb aýdýandyr.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Çünki Hudaý Öz maksadyny amala aşyrmak islegini olaryň ýüregine guýdy. Şunlukda, olar Hudaýyň sözleri berjaý bolýança, özleriniň hökmürowanlyk ygtyýaryny jandara bermäge biragyzdan razy bolarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ