Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 7:26 - Mukaddes Kitap

26 Kim seniň Hudaýyňyň kanunydyr patyşanyň kanunyna boýun egmese, oňa berk temmi berilsin. Ol ölüme höküm edilsin ýa-da sürgün edilsin, onuň emlägi elinden alynsyn ýa-da ol zyndana taşlansyn!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Ким сениң Худайыңың кануныдыр патышаның канунына боюн эгмесе, оңа берк темми берилсин. Ол өлүме хөкүм эдилсин я-да сүргүн эдилсин, онуң эмләги элинден алынсын я-да ол зындана ташлансын!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 7:26
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň sözüne görä patyşanyň we baştutanlaryň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde, olara agzybirlik beren Hudaýyň eli Ýahudanyň üstündedi.


Işe giriş, bu seniň borjuňdyr, biz hem seniň bilendiris. Mert bol-da, bu işi amala aşyr» diýdi.


Eger kimde-kim üç günüň içinde Iýerusalime gelmese, baştutanlaryň we ýaşulularyň buýrugy boýunça, olaryň ähli emlägi ellerinden alnyp, olaryň özleri hem sürgünden gelen halkyň arasyndan çykaryljakdyr diýlip yglan edildi.


Şeýle hem kim şu permana boýun egmese, onuň öýünden pürs sogrulyp, öý eýesini şoňa çişlemegi buýruk berýärin. Onuň öýi bolsa harabalyga öwrülsin.


Goý, Iýerusalimi özüne ybadat edilmeli ýer hökmünde saýlan Hudaý, bu permany üýtgetmäge we Hudaýyň bu öýüni ýykmaga synanyşan her bir patyşanydyr halky ýer bilen ýegsan etsin. Men – Darýuş patyşa buýruk berýärin: bu perman janypkeşlik bilen berjaý edilsin!»


Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler? Olar halkymy çörek ýaly iýýärler hem-de Hudaýy çagyrmaýarlar.


Patyşalygyma degişli ýerlerde ýaşaýan her bir adamyň Danyýeliň Hudaýyndan sandyrap gorkmagyny buýruk berýärin. Ol diri Hudaýdyr, Ol ebedi Hudaýdyr. Patyşalygy hiç haçan ýykylmazdyr, hökümdarlygy soňsuzdyr.


„Bu kanunlaryň sözlerini oňlamaýana, olary ýerine ýetirmeýäne nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ