Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 7:25 - Mukaddes Kitap

25 Sen bolsa, Ezra, Hudaýyň saňa beren pähim-paýhasyna görä, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda, seniň Hudaýyňyň kanunlaryny bilýän bütin halka hökümini ýöredip biljek kazylary, häkimleri belle. Kanuny bilmeýänlerine-de sen öwret.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Сен болса, Эзра, Худайың саңа берен пәхим-пайхасына гөрә, Евфрат дерясының гүнбатарындакы велаятда, сениң Худайыңың канунларыны билйән бүтин халка хөкүмини йөредип билҗек казылары, хәкимлери белле. Кануны билмейәнлерине-де сен өврет.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 7:25
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Faraon öz emeldarlaryna: «Biz Ýusupdan başga Hudaýyň Ruhy bolan adamy tapyp bilmeris» diýdi.


Soňra ol Ýusuba: «Hudaý şu zatlaryň ählisini saňa aýan etdi, seniň ýaly düşbi, pähim-paýhasly adam ýokdur.


Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.


Onsoň Aşur patyşasy şeýle tabşyryk berdi: «Samariýadan sürgün edilip getirilen ruhanylaryň birini boşadyp, yzyna iberiň. Goý, ol ruhany gidip, Samariýada ýaşasyn hem-de şol ýerde ýaşaýan milletlere ýurduň Hudaýynyň hökümlerini öwretsin».


Hudaýyň Reb seni Ysraýyla hökümdar goýanda, Onuň kanunyny berjaý ederiň ýaly, goý, Reb saňa akyl-paýhas bersin.


Dawut: «Şolaryň ýigrimi dört müňüsi Rebbiň öýünde hyzmat etmelidirler; alty müňüsi baştutanlar hem kazylar,


Işe giriş, bu seniň borjuňdyr, biz hem seniň bilendiris. Mert bol-da, bu işi amala aşyr» diýdi.


Şeýdip, Darýuş patyşa şeýle habar ýollady: «Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky welaýatyň hökümdary Tatenaý, Şetar Bozenaý hem-de ýaranlaryňyz bolan Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky welaýatyň wekilleri, siz öýe golaýlaşmaň.


Ezra Rebbiň kanunyny öwrenip, ony berjaý etmegi, Ysraýylda onuň parzlaryny, hökümlerini öwretmegi ýüregine düwüpdi.


Sen patyşa we onuň ýedi geňeşçisi tarapyndan Ýahudada we Iýerusalimde eliňdäki Hudaýyň kanunynyň nähili ýerine ýetirilýändigini barlamak üçin,


Duran ýerlerinden ör turup, günüň dörtden bir bölegini öz Hudaýy Rebbiň Töwradyny okap geçirdiler we beýleki dörtden birinde bolsa günälerini boýun alyp, öz Hudaýy Rebbe sežde etdiler.


Men indi bilýärin: Öz seçip-saýlanyny Reb halas eder. Ol golunyň gudratly işleri bilen, jogap berer Öz mukaddes gögünden.


Çünki danalyk berýän Rebdir, bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr.


Ýaman aýaldan, süýji dilli zynahor aýaldan goramak üçin, buýruk – çyra, öwüt – nur, käýinç-terbiýe – ýaşaýşa ýoldur.


Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir.


Isa olara: «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy hakynda taglymat alan her bir Töwrat mugallymy hazynasyndan täze we köne zatlar çykarýan öý eýesine meňzeýändir» diýdi.


Isa gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin olara köp zatlary öwretmäge başlady.


Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek galalarynda tireleriňiziň arasyndan kazylar we baştutanlar belläň. Olar halkyň hal-ýagdaýyny adalatly çözsünler.


Şeýlelikde, biz hemmelere Mesih hakda wagyz edýäris. Olary Mesihiň bedeniniň kämil agzasy hökmünde hödürlär ýaly, her bir ynsana öwüt-ündew edip, uly akyldarlyk bilen taglym berýäris.


Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ