Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 7:24 - Mukaddes Kitap

24 Şeýle hem, size aýan edýäris: ruhanylardyr lewileriň, ybadathana aýdymçylarydyr derwezebanlaryň we hyzmatkärleriň, şeýle hem Hudaýyň bu öýüniň beýleki hyzmatkärleriniň hiç birinden salgyt, paç, töleg alynmasyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Шейле хем, сизе аян эдйәрис: руханылардыр левилериң, ыбадатхана айдымчыларыдыр дервезебанларың ве хызматкәрлериң, шейле хем Худайың бу өйүниң бейлеки хызматкәрлериниң хич биринден салгыт, пач, төлег алынмасын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 7:24
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol diňe ruhanylaryň mülk ýerine degmedi, çünki ruhanylara faraon tarapyndan bellenen möçberde hak tölenilýärdi we olar şol tölenen hak bilen güzeran görýärdiler. Şol sebäpden hem olar öz mülklerini satmadylar.


Şeýdip, Ýusup ruhanylardan başga hemmeleriň hasylynyň bäşden bir böleginiň faraona berilmelidigi hakynda höküm çykardy. Bu höküm şu günki güne çenli hem öz güýjündedir.


Eger bu şäher täzeden gurlup, diwarlar dikeldilse, olaryň salgyt, paç, töleg tölemegi bes etjekdiklerini, munuň bolsa patyşalygyň gaznasyna zyýan ýetirjekdigini biz patyşa aýan edýäris.


Iýerusalimde güýçli patyşalar bolup, olar Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky bütin welaýata höküm ýöredýän ekenler. Olara salgyt, paç, töleg tölenilýän eken.


Artakserks patyşanyň patyşalygynyň ýedinji ýylynda ysraýyl halkynyň bir bölegi, birnäçe ruhanylardyr lewiler, ybadathana aýdymçylarydyr derwezebanlary we hyzmatkärleri Iýerusalime gaýtdylar.


Olaryň: «Biz patyşanyň ekin ýerimize, üzümçiligimize salýan salgydyny tölemek üçin, pul karz aldyk.


Isa şol ýerden geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Mattany görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ