Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 7:15 - Mukaddes Kitap

15 patyşa we onuň geňeşçileriniň Iýerusalimde mesgen tutýan Ysraýyl Hudaýyna meýletin beren altyndyr kümşüni äkitmek üçin,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 патыша ве онуң геңешчилериниң Иерусалимде месген тутян Ысрайыл Худайына мейлетин берен алтындыр күмшүни әкитмек үчин,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 7:15
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra urugbaşylardyr tire baştutanlary, müňbaşylardyr ýüzbaşylar, şa gullugyndaky baştutanlar meýletin gurbanlyklar berdiler.


Emma Oňa öý gurmaga kimiň güýji ýeter? Ony hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär! Onsoň Oňa öý gurar ýaly men kimmişim? Men bu öýi Onuň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurýaryn.


Iýerusalime köp adamlar gelip, Rebbe sadakalar, Ýahuda patyşasy Hizkiýa gymmatbaha sowgatlar getirdiler. Şondan soň, Hizkiýa ähli milletleriň nazarynda beýgeldi.


Men Saňa baky mesgen tutaryň ýaly, uçursyz gözel öý gurdum».


Ýöne indi adym şol ýerde bolsun diýip, Iýerusalimi saýladym we ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“ diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Olaryň töweregindäki ýerli ilat bolsa altyn, kümüş gaplar, emläk, mal-garalar, gymmatbaha zatlar we ýene-de ybadathana üçin meýletin sadakalar hem berip, olara ýardam etdi.


Goý, Iýerusalimi özüne ybadat edilmeli ýer hökmünde saýlan Hudaý, bu permany üýtgetmäge we Hudaýyň bu öýüni ýykmaga synanyşan her bir patyşanydyr halky ýer bilen ýegsan etsin. Men – Darýuş patyşa buýruk berýärin: bu perman janypkeşlik bilen berjaý edilsin!»


Diwarlarynyň üç hatary ýonulan daşlardan we bir hatary agaçdan örülsin. Harç-harajadyň hemmesi şa hazynasyndan tölensin.


Sen patyşa we onuň ýedi geňeşçisi tarapyndan Ýahudada we Iýerusalimde eliňdäki Hudaýyň kanunynyň nähili ýerine ýetirilýändigini barlamak üçin,


Patyşanyň, onuň geňeşçileriniň, baştutanlarynyň we bütin ysraýyl halkynyň Hudaýymyzyň öýi üçin sadaka beren altynyny, kümşüni we gap-gaçlaryny olara çekip berdim.


Olaryň topragyny miras hökmünde beren Oldur, Onuň söýgüsi baky.


«Onuň ýüzüni agtar» diýýär ýüregim. Ýa Reb, Seniň ýüzüňi agtarýaryn men.


Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär, olaryň gepine gulak gabardýar.


Diýdim: «Beýik Hudaý indi tarapymyzy tutmaýar – bu meni lapykeç edýär».


Men Hudaýa perýat edýärin, meni eşideri ýaly perýat edýärin.


Adyňy bilýänler Saňa bil baglar, çünki, ýa Reb, Sen Özüňi agtarýanlary terk eden dälsiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ