Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 7:12 - Mukaddes Kitap

12 «Şalaryň şasy Artakserksden Gögüň Hudaýynyň kanunlaryny ýazýan Ezra ruhana dogaýy salam!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 «Шаларың шасы Артаксерксден Гөгүң Худайының канунларыны язян Эзра рухана догайы салам!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 7:12
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siriýanyň patyşasy Benhadat özüniň bütin goşunyny toplady. Onuň ýanynda atlar, söweş arabalary bilen birlikde otuz iki sany han bardy. Ol Samariýa garşy ýöriş edip, onuň daşyny gabap, gala hüjüm etdi.


Çünki ol Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky ähli welaýatlarda, Tipsadan Gaza çenli bolan aralykdaky Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky ähli patyşalaryň üstünden höküm sürýärdi. Ol töweregindäki goňşy ýurtlarynyň ählisi bilen asudalykda ýaşady.


«Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: „Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi.


Patyşa Rehum häkime, Şimşaý mürzä olaryň Samariýada we Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda ýaşaýan ýaranlaryna şeýle jogap iberdi:


Bu wakalardan soň Pars patyşasy Artakserksiň döwründe Ezra Babyldan çykdy. Ol Seraýanyň ogludy. Seraýa Azarýanyň, Azarýa Hilkiýanyň, Hilkiýa Şallumyň, Şallum Sadognyň, Sagdok Ahytubyň, Ahytup Amarýanyň, Amarýa Azarýanyň, Azarýa Meraýodyň, Meraýot Zerahýanyň, Zerahýa Uzynyň, Uzyny Bukynyň, Buky Abyşuwaň, Abyşuwa Pinehasyň, Pinehas Elgazaryň, Elgazar baş ruhany Harunyň ogludy. Ol Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Musa beren kanunyndan oňat baş çykarýan, ökde mürzedi. Patyşa oňa soran zatlarynyň hemmesini berdi, çünki Hudaýy Reb ony goldaýardy.


Artakserks patyşanyň Rebbiň tabşyryklaryndan we Onuň ysraýyl halkyna beren parzlaryndan oňat baş çykarýan ruhanysy, Ezra mürzä ýazan hatynyň nusgasy şeýledir:


Ol şeýle diýýär: «Leşgerbaşylarymyň ählisi patyşa dälmi näme?


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men patyşalaryň patyşasy bolan Babyl patyşasy Nebukadnesary atlar, söweş arabalary, atlylar, köp halklardan ybarat äpet goşun bilen birlikde demirgazykdan Sur galasynyň üstüne getirerin.


Eý, siziň alyhezretiňiz, siz şalaryň şasysyňyz. Gögüň Hudaýy saňa şalyk, güýç, gudrat we şöhrat berdi.


Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi.


Hudaý beýik we ýeke-täk Hökümdardyr, Ol şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysy, ölmezligiň ýeke-täk Eýesidir. Ol ynsanyň gözüni gamaşdyrýan nurda ýaşaýar, Ony hiç bir ynsan görmedi, görüp-de bilmez. Ol Isa Mesihi Öz bellän wagtynda iberer. Hormat we gudrat baky Onuňky bolsun! Omyn.


Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».


Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ