Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 7:10 - Mukaddes Kitap

10 Ezra Rebbiň kanunyny öwrenip, ony berjaý etmegi, Ysraýylda onuň parzlaryny, hökümlerini öwretmegi ýüregine düwüpdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эзра Реббиң кануныны өвренип, оны берҗай этмеги, Ысрайылда онуң парзларыны, хөкүмлерини өвретмеги йүрегине дүвүпди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 7:10
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýylyň, biziň ata-babalarymyzyň Hudaýy, Öz halkyňyň kalbynda şeýle niýetleri baky sakla, olaryň kalbyny Özüňe tarap öwür.


Rehabgam pis işleri etdi. Ol Rebbi agtarmagy ýüregine düwmedi.


Muňa garamazdan, sen gowy işler hem etdiň. Sen Aşera butlaryny ýurtdan ýok edip, ýüregiňi Hudaýy agtarmaklyga gönükdirdiň» diýdi.


Hizkiýa Rebbiň hyzmatynda ussatlyk görkezen lewileri ruhlandyrdy. Şeýdip, olar salamatlyk gurbanlygyny berip, atalarynyň Hudaýy Rebbe şükürler aýdyp, ýedi günläp baýramçylyk iýmitlerini iýdiler.


Artakserks patyşanyň Rebbiň tabşyryklaryndan we Onuň ysraýyl halkyna beren parzlaryndan oňat baş çykarýan ruhanysy, Ezra mürzä ýazan hatynyň nusgasy şeýledir:


Sen bolsa, Ezra, Hudaýyň saňa beren pähim-paýhasyna görä, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda, seniň Hudaýyňyň kanunlaryny bilýän bütin halka hökümini ýöredip biljek kazylary, häkimleri belle. Kanuny bilmeýänlerine-de sen öwret.


Ýüregiňi Oňa bagyşlap, elleriňi Hudaýa tarap uzatsaň,


Men indi bilýärin: Öz seçip-saýlanyny Reb halas eder. Ol golunyň gudratly işleri bilen, jogap berer Öz mukaddes gögünden.


Eý, Hudaý, agyzlarynda kül et olaň dişini, ýa Reb, owrat ýolbarslaryň gyýyk dişini.


Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir.


Şonuň üçin hem kim bu buýruklaryň iň kiçisinden birini bozsa we şeýle etmegi başgalara öwretse, ol Gögüň Şalygynda iň kiçi saýylar. Emma kim bulary berjaý edip, başgalara-da öwretse, ol Gögüň Şalygynda uly saýylar.


Şonuň üçin hem bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän her bir adam öýüni gaýanyň üstünde guran akylly adama meňzeýär.


Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.


Eý, Teofil! Men birinji kitabymda Isanyň tä göge göterilen gününe çenli başdan-aýak bitiren we öwreden ähli işleri barada ýazdym.


Özüňiziň hem Müsürde gul bolandygyňyzy ýatlap, şu parzlary yhlas bilen ýerine ýetiriň.


Seniň hökümleriňi Ýakuba, Kanunyňy Ysraýyla öwreder. Seniň huzuryňda hoşboý buhur, gurbanlyk sypaňda başbitin ýakma gurbanlygyny ýakar.


Şoňa görä-de, ýygnagyň ýolbaşçysy müýnsüz, ömründe diňe bir gezek öýlenen, her zatda özüne erk edip bilýän, pähimli, abraýly, myhmansöýer, öwretmäge ukyply,


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


Sen bolsa sagdyn taglymata laýyk gelýän zatlary öwret.


Hawa, bularyň baryny öwret. Doly ygtyýar bilen öwüt-ündew ber, günä edýänleri paş et. Goý, hiç kim seni äsgermezlik etmesin.


Öz lybaslaryny ýuwýanlar bagtlydyr! Olaryň ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge, şäher derwezesinden girmäge haklary bardyr.


Ahyry bir gün Şamuwel tutuş Ysraýyl nesline ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger siz bütin kalbyňyz bilen Rebbe dolanmakçy bolsaňyz, onda Aştoret we beýleki keseki hudaýlaryňyzdan geçiň, özüňizi Rebbe bütinleý bagyş ediň we diňe Oňa gulluk ediň. Şeýtseňiz, Ol sizi piliştlileriň elinden halas eder».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ