Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 6:8 - Mukaddes Kitap

8 Munuň üstesine-de, men size ýahudylaryň baştutanlaryna Hudaýyň bu öýüniň gurulmagy üçin, näme kömek etmelidigiňiz barada perman çykarýaryn. Bu adamlaryň harjy dolulygyna we gijikdirilmän şa hazynasyndan Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň berýän salgydyndan tölensin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Мунуң үстесине-де, мен сизе яхудыларың баштутанларына Худайың бу өйүниң гурулмагы үчин, нәме көмек этмелидигиңиз барада перман чыкарярын. Бу адамларың харҗы долулыгына ве гиҗикдирилмән ша хазынасындан Евфрат дерясының гүнбатарындакы велаятың берйән салгыдындан төленсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 6:8
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Biz muny patyşa aýan edýäris. Eger bu şäher täzeden gurlup, diwarlar dikeldilse, onda Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda siziň raýatlygyňyz bolmaz».


Artakserks patyşanyň hatynyň nusgasy Rehum häkimiň, Şimşaý mürzäniň we olaryň ýaranlarynyň öňünde okalan badyna, olar howlukmaçlyk bilen Iýerusalime ýahudylaryň ýanyna baryp, zorluk we güýç bilen olary işi togtatmaga mejbur etdiler.


Emma Ysraýyl Hudaýynyň nazary ýahudy ýaşulularynda bolansoň, bu iş hakdaky habar Darýuşa ýetip, ondan jogap gelýänçä, olar ýahudylaryň işini togtadyp bilmediler.


Şeýdip, Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýanyň pygamberlik etmekleri arkaly, ýahudylaryň baştutanlary ybadathanany gurdular; olaryň işleri ilerledi. Olar Ysraýyl Hudaýynyň emri bilen, Pars patyşalary Kureşiň, Darýuşyň we Artakserksiň permany bilen bu binany gurup gutardylar.


Diwarlarynyň üç hatary ýonulan daşlardan we bir hatary agaçdan örülsin. Harç-harajadyň hemmesi şa hazynasyndan tölensin.


Hudaýyň öýüniň işine päsgel bermäň. Goý, ýahudylaryň häkimi we baştutanlary Hudaýyň bu öýüni öňki ýerinde täzeden gursunlar.


Gögüň Hudaýyna ýakma gurbanlyklar bermek üçin öküzçeler, goçlar, guzular we başga-da näme zerur bolsa, bugdaý, duz, şerap, ýag gerek bolsa, Iýerusalimdäki ruhanylaryň isledigiçe her gün hökman berilsin.


Sen patyşa we onuň ýedi geňeşçisi tarapyndan Ýahudada we Iýerusalimde eliňdäki Hudaýyň kanunynyň nähili ýerine ýetirilýändigini barlamak üçin,


Patyşa tarapyndan olara degişli ýörite perman bardy we aýdymçylaryň her güni üçin azyk harjy bellenipdi.


Şeýle hem patyşa tokaýynyň sakçysy Asafa, ybadathana galasynyň derwezeleri üçin, şäheriň diwarlary we meniň ýaşajak öýümiň pürsleri üçin agaç berer ýaly hat bersin» diýdim. Hudaýymyň ýalkamagy bilen patyşa meniň dilegimi bitirdi.


Patyşalygyma degişli ýerlerde ýaşaýan her bir adamyň Danyýeliň Hudaýyndan sandyrap gorkmagyny buýruk berýärin. Ol diri Hudaýdyr, Ol ebedi Hudaýdyr. Patyşalygy hiç haçan ýykylmazdyr, hökümdarlygy soňsuzdyr.


Kümüş-de, altyn-da Meniňkidir. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ