Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 6:5 - Mukaddes Kitap

5 Şeýle hem Nebukadnesar tarapyndan Hudaýyň Iýerusalimdäki öýünden alnyp, Babyla getirilen altyndyr kümüş gaplar yzyna eltilip, ýene-de ybadathanada ýerli-ýerinde goýulsyn. Siz olary Hudaýyň öýünde goýmalysyňyz“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Шейле хем Небукаднесар тарапындан Худайың Иерусалимдәки өйүнден алнып, Бабыла гетирилен алтындыр күмүш гаплар ызына элтилип, ене-де ыбадатханада ерли-еринде гоюлсын. Сиз олары Худайың өйүнде гоймалысыңыз“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 6:5
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň aýdyşy ýaly, Babyl patyşasy Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalaryň baryny alyp gitdi. Ol Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Rebbiň öýünde ýasan ähli altyn gap-gaçlaryny kül-peýekun etdi.


Baharda patyşa Nebukadnesar adam iberip, Ýehoýakyny Rebbiň öýüniň gymmatbaha gap-gaçlary bilen birlikde Babyla getirdip, onuň dogany Sidkiýany Ýahuda we Iýerusalime patyşa etdi.


Nebukadnesar Hudaýyň öýündäki ähli ululy-kiçili gap-gaçlary, Rebbiň öýündäki hazynalary, patyşanyň we onuň emeldarlarynyň hazynalaryny Babyla alyp gitdi.


Iýerusalimdäki Hudaýyň öýünden – ybadathanasyndan Nebukadnesar tarapyndan alnan we Babyl buthanasyna getirilip goýlan altyn, kümüş gap-gaçlary Kureş patyşa Babyl buthanasyndan çykartdy. Ol zatlar Şeşbasar atly bir adama gowşuryldy. Ony Kureş patyşanyň özi häkim belläpdi.


Soňra men ruhanylara we tutuş halka Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendim: «Siz özüňize: „Rebbiň ybadathanasyndaky gap-gaçlar basym Babyldan yzyna getiriler“ diýýän pygamberleriňiziň sözlerini diňlemäň. Olar size ýalandan pygamberlik edýärler.


Janpenalaryň baştutany bulardan başga-da okaralary, maňňallary, legenleri, gazanlary, çyradanlary, gaplary, käseleri alyp gitdi. Ol altyndan ýasalan zatlary altyny üçin, kümüşden ýasalan zatlary hem kümşi üçin alyp gitdi.


Taňry Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymy hem-de Hudaýyň ybadathanasyndaky gap-gaçlaryň bir bölegini onuň golastyna berdi. Nebukadnesar ol zatlary Şingara getirdi. Ol Hudaýyň ybadathanasyndan getirilen gap-gaçlary öz hudaýlarynyň buthanasyndaky gaznasynda goýdy.


Belşasar şerapdan keýplenip, atasy Nebukadnesaryň Iýerusalimdäki ybadathanadan alyp gaýdan altyn we kümüş gap-gaçlaryny getirmekligi buýurdy. Patyşa, onuň töreleri, aýallary we gyrnaklary şeraby şolara guýup içmekçidiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ