Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 6:3 - Mukaddes Kitap

3 Kureş patyşa öz şalygynyň ilkinji ýylynda Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň täzeden gurluşygy barada şeýle buýruk berdi: „Bu öýde sadakalar we ýakma gurbanlyklar berilsin; öýüň beýikligi-de, ini-de altmyş tirsek bolsun.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Куреш патыша өз шалыгының илкинҗи йылында Худайың Иерусалимдәки өйүниң тәзеден гурлушыгы барада шейле буйрук берди: „Бу өйде садакалар ве якма гурбанлыклар берилсин; өйүң бейиклиги-де, ини-де алтмыш тирсек болсун.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 6:3
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süleýman Sur patyşasy Hurama çapar iberip şeýle diýdi: «Özüne ýaşar ýaly köşk gurunsyn diýip, kakam Dawuda iberen kedr agaçlaryňdan maňa-da ibermegiňi towakga edýärin.


Emma Oňa öý gurmaga kimiň güýji ýeter? Ony hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär! Onsoň Oňa öý gurar ýaly men kimmişim? Men bu öýi Onuň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurýaryn.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşar ýaly, Reb Kureş patyşanyň ulanýan ýazuwynda perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna çapar üsti bilen jar etmegi onuň kalbyna saldy.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy:


«Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: „Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi.


Şonuň üçinem olar daş ýonujylara, neçjarlara pul, sidonlylara we surlulara Liwandan deňiz üsti bilen Ýafo çenli kedr agaçlaryny getirmekleri üçin iýmit, içgi we zeýtun ýagyny berdiler. Olara bu zatlary etmäge Pars patyşasy Kureşden rugsat bardy.


Şeýdip, Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýanyň pygamberlik etmekleri arkaly, ýahudylaryň baştutanlary ybadathanany gurdular; olaryň işleri ilerledi. Olar Ysraýyl Hudaýynyň emri bilen, Pars patyşalary Kureşiň, Darýuşyň we Artakserksiň permany bilen bu binany gurup gutardylar.


Bikärleriň ýaňsylaryndan, tekepbirleriň kemsitmesinden, halys boldy biziň janymyz.


Şäher dörtburçluk şekilinde bolup, onuň boýy bilen ini deňdi. Perişde şäheri ölçedi. Şäheriň boýy iki müň iki ýüz çakrym bolup çykdy. Onuň ini, beýikligi hem boýy ýalydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ