Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 6:21 - Mukaddes Kitap

21 Ysraýylyň sürgünden gaýdyp gelen halky, şeýle hem Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat etmek üçin şol ýerli halklaryň nejis işlerinden el çekip, ýahudalara goşulanlaryň bary ony iýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Ысрайылың сүргүнден гайдып гелен халкы, шейле хем Ысрайыл Худайы Реббе ыбадат этмек үчин шол ерли халкларың неҗис ишлеринден эл чекип, яхудалара гошуланларың бары оны ийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 6:21
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu işler tamamlanandan soň, baştutanlar meniň ýanyma gelip: «Ysraýyl halky we ruhanylardyr lewiler bu ýeriň halklaryndan, ýagny kenganlardan, hetlerden, perizlerden, ýabuslardan, ammonlardan, mowaplardan, müsürlilerden, amorlardan we olaryň nejis işlerinden özlerini aýry tutup bilmediler» diýdiler.


Sen Öz gullaryň bolan pygamberleriňiň üsti bilen: „Eýelejek bolup barýan ýurduňyz ýerli halklaryň haramlyklary, nejislikleri bilen hapalanan ýurtdyr. Olar ony boýdan-başa öz haramlyklary bilen doldurdylar.


Galan halk, ruhanylar, lewiler, ybadathana derwezebanlary, aýdymçylary, hyzmatkärleri we Hudaýyň kanunyna uýmak üçin özlerini ýerli halklardan bölüp aýranlaryň hemmesi – olaryň aýallary, ogul-gyzlary, kanuna düşünip bilýänleriň bary öz garyndaşlary we olaryň begleri bilen birleşdiler. Olar Hudaýyň guly Musanyň üsti bilen berlen kanuna görä ýaşamaga, Hökmürowan Rebbimiziň ähli tabşyryklaryny, hökümlerini, parzlaryny saklap, olary berjaý etmäge ant içdiler, ýerine ýetirmeýänleri bolsa näletlediler.


Ysraýyllar ähli kese ýerlilerden özlerini aýryp, öz günälerini, ata-babalarynyň etmişlerini boýun aldylar.


Ýa Reb, olar halkyňy ezýär, Seniň milletiňe ejir çekdirýär.


Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň! Haram zatlara el degirmäň; ol ýerden çykyp, tämizleniň, eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


«Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da, olardan aýrylyň». Muny Reb diýýär. «Haram zatlara el degirmäň, şonda Men sizi kabul ederin».


Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ