Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 6:20 - Mukaddes Kitap

20 Ruhanylardyr lewiler inlerini tämizlediler; olaryň hemmesi tämizdi. Şonuň üçin lewiler ähli sürgünden gaýdyp gelenler üçin, öz ruhany doganlary we özleri üçin Pesah janlysyny soýdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Руханылардыр левилер инлерини тәмизледилер; оларың хеммеси тәмизди. Шонуң үчин левилер әхли сүргүнден гайдып геленлер үчин, өз руханы доганлары ве өзлери үчин Песах җанлысыны сойдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 6:20
7 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma ruhanylar azdyklary üçin ýakma gurbanlyklarynyň hemmesiniň derisini soýup bilmediler. Iş gutaryp, galan ruhanylar inlerini tämizleýänçäler, doganlary lewiler ruhanylara ýardam etdiler, lewiler inlerini tämizlemekde ruhanylara garanda has sap ýüreklidiler.


Olar Pesah janlysyny soýdular, ruhanylar-da özlerine berlen gany serpdiler; lewiler bolsa janlylaryň derilerini soýdular.


Mundan soň, lewiler özleri we ruhanylar üçin taýýarlyk gördüler, çünki Harunyň neslinden bolan ruhanylar agşama çenli ýakma gurbanlyklaryny we ýaglary hödürlemek bilen meşgul boldular. Şeýdip, lewiler özleri we Harunyň neslinden bolan ruhanylar üçin taýýarlyk gördüler.


Asafyň nesillerinden bolan aýdymçylar Dawudyň, Heýmanyň we patyşanyň görgüri Ýedutunyň tabşyrygyna görä öz ýerlerindediler. Her derwezede derwezebanlar bardy. Garyndaşlary lewileriň olar üçin taýýarlyk görendikleri üçin, olara hyzmatlaryndan gitmek gerek däldi.


Soňra Musa ähli ysraýyl ýaşulularyny çagyryp, olara şeýle diýdi: «Heriňiz maşgalaňyza görä özüňize janly saýlaň we ony Pesah baýramy üçin soýuň.


Öňki ruhanylar her gün ilki öz günäleri, soňra halkyň günäleri üçin gurbanlyk hödürlemelidiler. Emma Isa olaryňky ýaly etmegiň geregi ýok, sebäbi Ol ähli zat üçin Özüni bir gezekde gurban edip, bu işi bitirdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ