Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 6:16 - Mukaddes Kitap

16 Onsoň ysraýyl halky, ruhanylardyr lewiler we sürgünden gaýdyp gelen başgalar hem Hudaýyň bu öýüniň bagyşlanma dabarasyny uly şatlyk bilen bellediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Онсоң ысрайыл халкы, руханылардыр левилер ве сүргүнден гайдып гелен башгалар хем Худайың бу өйүниң багышланма дабарасыны улы шатлык билен белледилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 6:16
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň patyşa we onuň ýanyndaky bütin ysraýyl halky Rebbiň huzurynda gurbanlyk berdiler.


Süleýman Rebbe salamatlyk gurbanlygy hökmünde ýigrimi iki müň öküz, bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Rebbiň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler.


Şeýdip, ysraýyllar şagalaň bilen, şahdan edilen surnaýlaryň, kernaýlaryň, kimwallaryň şowhuny, arfadyr liralaryň belent owazy bilen Rebbiň Äht sandygyny getirdiler.


Käbir ysraýyllar ilkinji bolup, galalardaky öz mülklerine ruhanylar, lewiler hem-de ybadathana hyzmatkärleri bilen dolanyp geldiler.


Hizkiýa patyşa we onuň baştutanlary lewilere Dawudyň we Asaf görgüriň sözleri bilen Rebbe alkyş aýtmagy tabşyrdylar. Olar şatlyk bilen alkyş aýdyp, dyza çöküp ybadat etdiler.


Onsoň bütin halk ýene-de ýedi günläp baýram etmegi karar etdi. Şeýdip, olar ýene ýedi günläp şady-horramlykda baýram etdiler.


Iýerusalimde uly şatlyk boldy, çünki Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň döwründen bäri Iýerusalimde beýle baýram bolmandy.


Süleýman patyşa Rebbe gurbanlyk hökmünde ýigrimi iki müň öküz we bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Hudaýyň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler.


Sürgünden gaýdyp gelenleriň Rebbiň ybadathanasyny gurýandyklaryny eşiden Ýahudanyň we Benýaminiň duşmanlary Zerubabylyň we urugbaşylaryň ýanyna gelip, olara: «Bizem siz bilen bile guraýaly, çünki biz hem siziň Hudaýyňyza sežde edýäris. Bizi bu ýere getiren Aşur patyşasy Esarhadonyň döwründen bäri, biz Oňa gurbanlyk berip gelýäris» diýdiler.


Onsoň olar ýedi günläp uly şatlyk bilen Petir baýramyny bellediler. Çünki Reb olara şatlyk berdi we Ysraýyl Hudaýynyň öýüni gurmaga ýahudalara ýardam bereri ýaly, Aşur patyşasynyň kalbynda olara bolan rehim oýardy.


Iýerusalim diwary Hudaýa bagyş edilende, lewileri Iýerusalime getirjek bolup, ähli ýerlerden gözlediler. Lewiler şatlyk, şükürlerdir we aýdymlar bilen kimwallar, arfalar we liralar bilen Iýerusalim diwarynyň bagyş ediliş dabarasyny bellemek üçin gerekdi.


Şol gün olar köp gurbanlyklar berip şatlandylar. Çünki Hudaý olara uly şatlyk eçilipdi. Aýallardyr çagalar-da şatlanyşyp, Iýerusalimiň şowhuny alyslardan eşidildi.


Ruhanylar, lewiler, halkyň käbiri, ybadathana derwezebanlary, aýdymçylary, hyzmatkärleri we bütin ysraýyl halky öz galalarynda ornaşdylar. Ýedinji aý gelende, ysraýyllaryň hemmesi öz galalaryndadylar.


Baryň ýagly et iýiň, süýji şerap içiň. Bişirmäge zady ýoklara paý iberiň, çünki bu gün Rebbimiz üçin mukaddes gündür. Gam çekmäň, çünki Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer».


Eý, göklerdäki tagtda Oturan, gözlerimi Saňa bakan galdyrýaryn.


Şondan soň Danyýeli patyşanyň huzuryna getirdiler. Patyşa Danyýele şeýle diýdi: «Patyşa atamyň Ýahudadan ýesir edip getiren Danyýeli senmi?


Şol wagt gyş paslydy, Iýerusalimde Nur baýramy bellenilýärdi.


Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň.


Rebde şatlanyň. Ýene-de gaýtalaýaryn: şatlanyň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ