Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 6:14 - Mukaddes Kitap

14 Şeýdip, Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýanyň pygamberlik etmekleri arkaly, ýahudylaryň baştutanlary ybadathanany gurdular; olaryň işleri ilerledi. Olar Ysraýyl Hudaýynyň emri bilen, Pars patyşalary Kureşiň, Darýuşyň we Artakserksiň permany bilen bu binany gurup gutardylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Шейдип, Хагай пыгамбер билен Ыдоның оглы Закаряның пыгамберлик этмеклери аркалы, яхудыларың баштутанлары ыбадатхананы гурдулар; оларың ишлери илерледи. Олар Ысрайыл Худайының эмри билен, Парс патышалары Курешиң, Дарюшың ве Артаксерксиң перманы билен бу бинаны гуруп гутардылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 6:14
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iýerusalimdäki Hudaýyň öýüne gaýdyp gelenlerinden soň, ikinji ýylyň ikinji aýynda Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl we Ýosadagyň ogly Ýeşuwa öz galan adamlary, ruhanylar, lewiler we ýesirlikden boşap, Iýerusalime gelenleriň ählisi bilen işe başladylar. Lewileriň ýigrimi we ondan ýokary ýaşlylaryny Rebbiň öýüniň işine gözegçilik etmäge bellediler.


Şeýdip, Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň dikeldiş işleri togtadyldy. Bu ýagdaý Pars patyşasy Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylyna çenli dowam etdi.


Emma Zerubabyldyr Ýeşuwa we beýleki Ysraýyl urugbaşylary olara: «Hudaýymyza öýi biz siz bilen bile gurmarys. Pars patyşasy Kureşiň bize buýruşy ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbe öýi biziň özümiz gurarys» diýip jogap berdiler.


Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýa pygamber Ýahudadaky we Iýerusalimdäki ýahudylara Ysraýyl Hudaýynyň adyndan pygamberlik etdiler.


Ýöne Babyl patyşasy Kureş öz patyşalygynyň birinji ýylynda Hudaýyň bu öýüni täzeden gurmaly diýip buýruk berdi.


Onsoň Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýosadagyň ogly Ýeşuwa dagy Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga başladylar. Hudaýyň pygamberleri-de olar bilen bolup, olary ruhlandyrdylar.


Kureş patyşa öz şalygynyň ilkinji ýylynda Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň täzeden gurluşygy barada şeýle buýruk berdi: „Bu öýde sadakalar we ýakma gurbanlyklar berilsin; öýüň beýikligi-de, ini-de altmyş tirsek bolsun.


Munuň üstesine-de, men size ýahudylaryň baştutanlaryna Hudaýyň bu öýüniň gurulmagy üçin, näme kömek etmelidigiňiz barada perman çykarýaryn. Bu adamlaryň harjy dolulygyna we gijikdirilmän şa hazynasyndan Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň berýän salgydyndan tölensin.


Bu wakalardan soň Pars patyşasy Artakserksiň döwründe Ezra Babyldan çykdy. Ol Seraýanyň ogludy. Seraýa Azarýanyň, Azarýa Hilkiýanyň, Hilkiýa Şallumyň, Şallum Sadognyň, Sagdok Ahytubyň, Ahytup Amarýanyň, Amarýa Azarýanyň, Azarýa Meraýodyň, Meraýot Zerahýanyň, Zerahýa Uzynyň, Uzyny Bukynyň, Buky Abyşuwaň, Abyşuwa Pinehasyň, Pinehas Elgazaryň, Elgazar baş ruhany Harunyň ogludy. Ol Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Musa beren kanunyndan oňat baş çykarýan, ökde mürzedi. Patyşa oňa soran zatlarynyň hemmesini berdi, çünki Hudaýy Reb ony goldaýardy.


Biz gullardyrys, emma Hudaýymyz bizi gulçulykda terk etmän, gaýtam Pars patyşalarynyň huzurynda bize Özüniň merhemetini eçildi. Hudaýymyzyň öýüni gurup, onuň ýykylan ýerlerini dikelder ýaly, bize täze durmuş berdi. Ol Ýahudada we Iýerusalimde bize pena berdi.


Elli iki günden soň, Elul aýynyň ýigrimi bäşi güni diwar gurluşygy tamamlandy.


Kureşe: „Meniň çopanymdyr, bar maksatlarymy ol amala aşyrar“, Iýerusalime: „Täzeden gurlar“, ybadathana: „Düýbüň tutular“» diýýän Reb Mendirin.


Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birinji güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy.


Daglyga gidiň-de, agaç getiriň we Meniň öýümi guruň. Şonda Men hoşal bolaryn, şöhratlanaryn, muny Reb diýýär.


Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylynyň sekizinji aýynda Ydonyň agtygy, Berekýanyň ogly Zakarýa pygamberiň üsti bilen Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Şoňa görä, Reb şeýle diýýär: «Men duýgudaşlyk bilen Iýerusalime tarap öwrülerin. Meniň ybadathanam şol ýerde gurlar we Iýerusalimi dikeltmek üçin ölçeg ýüpi çekiler. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».


«Şu ybadathananyň binýadyny Zerubabylyň elleri tutdy. Ony ahyryna çenli alyp gitjek hem şonuň elleridir». Şonda meni siziň ýanyňyza Hökmürowan Rebbiň iberendigini, sen – Zerubabyl bilersiň.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşan pygamberlerden şu sözleri eşidenleriňiziň gollary kuwwatly bolsun!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ