Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ezra 6:12 - Mukaddes Kitap

12 Goý, Iýerusalimi özüne ybadat edilmeli ýer hökmünde saýlan Hudaý, bu permany üýtgetmäge we Hudaýyň bu öýüni ýykmaga synanyşan her bir patyşanydyr halky ýer bilen ýegsan etsin. Men – Darýuş patyşa buýruk berýärin: bu perman janypkeşlik bilen berjaý edilsin!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Гой, Иерусалими өзүне ыбадат эдилмели ер хөкмүнде сайлан Худай, бу перманы үйтгетмәге ве Худайың бу өйүни йыкмага сынанышан хер бир патышаныдыр халкы ер билен егсан этсин. Мен – Дарюш патыша буйрук берйәрин: бу перман җаныпкешлик билен берҗай эдилсин!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ezra 6:12
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Men seniň eden dilegiňi, ýalbaryşyňy eşitdim. Seniň guran bu öýüňi mukaddes etdim. Maňa ol ýerde ebedilik ybadat ediler. Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar.


Adym şu öýde ebedilik bolar ýaly, Men ony saýladym we mukaddes etdim, Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar.


Onsoň Darýuş patyşanyň iberen hatyna laýyklykda, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimi Tatenaý, Şetar Bozenaý we olaryň ýaranlary Darýuş patyşanyň permanyny doly berjaý etdiler.


Şeýdip, Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýanyň pygamberlik etmekleri arkaly, ýahudylaryň baştutanlary ybadathanany gurdular; olaryň işleri ilerledi. Olar Ysraýyl Hudaýynyň emri bilen, Pars patyşalary Kureşiň, Darýuşyň we Artakserksiň permany bilen bu binany gurup gutardylar.


patyşa we onuň geňeşçileriniň Iýerusalimde mesgen tutýan Ysraýyl Hudaýyna meýletin beren altyndyr kümşüni äkitmek üçin,


Bu pullar seresaplylyk bilen ulanylyp, oňa öküzler, goçlardyr guzular, galla we içgi sadakalary satyn alnyp, olar Hudaýyňyzyň Iýerusalimdäki öýüniň gurbanlyk sypasynda sadaka berilsin.


Kim seniň Hudaýyňyň kanunydyr patyşanyň kanunyna boýun egmese, oňa berk temmi berilsin. Ol ölüme höküm edilsin ýa-da sürgün edilsin, onuň emlägi elinden alynsyn ýa-da ol zyndana taşlansyn!»


Şeýdip, çaparlar patyşanyň buýrugy bilen onuň hyzmatyndaky ýyldam atlara atlanyp, atlaryny ýüzin salyp, gyssagly gitdiler. Bu perman Suza galasynda çykaryldy.


Olaryň agzynda dogry söz ýokdur, olaryň ýüregi weýrançylykdyr, olaryň bogazy açyk gabyrdyr, dilleri bilen-de ýallaklaýandyr.


Meniň üçin toprakdan gurbanlyk sypasyny ýasaň we onuň üstünde goýunlaryňyzy, öküzleriňizi başbitin ýakma gurbanlygy we salamatlyk gurbanlygy edip hödürläň. Adym tutulyp ýatlanylan her bir ýere gelip, Men size ak pata bererin.


Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.


Saňa hyzmat etmedik millet we patyşalyk ýok bolar; şol milletler bütinleý weýran ediler.


Doganyň Ýakubyň nesline zalymlyk edeniň üçin, bütin betnam bolarsyň we ebedi ýok edilersiň.


Ol: «Agam, sen kim?» diýip sorady. Oňa: «Men seniň azar berýän Isaň. Indi tur-da, şähere git, näme etmelidigiň saňa şol ýerde aýdylar» diýdi.


Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýerine meniň buýran ähli zatlarymy: ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, Rebbe göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy getiriň.


Emma Hudaýyňyz Reb ähli tireleriň arasynda Özüne ybadat edilmegi üçin ýer saýlar we siz şol ýeri gözläp taparsyňyz. Siz ol ýere baryň,


Reb Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde dowarlaryňyzdan we mal-garalaryňyzdan Hudaýyňyz Rebbe Pesah gurbanlygyny beriň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ